Hytaý Taýpeýiniň (Taýwan) Neihu etrabyndaky Dahu seýilgähi gezelenç etmek üçin iň gowy tebigy ýerleriň biridir. Dahu 132 inedördül metr meýdany eýeleýän tebigy köl bolup, seýilgähde täsin köpri, gezelenç ýodalary, dynç almak üçin gämi duralgasy we açyk öýjagazlar bar. Emeli şarlawuklar, uly gaýalar, ösümliklerdir agaçlar bilen gurşalan seýilgäh 1979-njy ýylda açylýar. Seýilgäh ýodalarynyň ugrunda dynç almak üçin birnäçe agaç oturgyç, çagalar üçin akwapark we oýun meýdançalary bar. Seýilgähde sport bilen meşgullanmak isleýänler üçin sport zallary we iýip-içmek isleýänler üçin burger restoranlary hem göz öňünde tutulypdyr. Agşamlaryna kölüň töweregini balykçylar we çagalary bilen dynç alýan maşgalalar gurşap alýar. Dahu güneşli günlerde gezelenç etmek üçin iň ajaýyp ýerleriň biri bolup, seýilgähiň töwereginde syýahatçylar üçin niýetlenen «La Maison» we «Koos» myhmanhanalary bar.
Aý şöhlesine ýalkym saçýan Aý köprüsi
Dahu seýilgähiniň iň meşhur ýerleriniň biri-de Aý köprüsidir. Ilkibaşda pyýadalar üçin geçelge hökmünde gurlan bu köpri soňlugy bilen ýurduň iň romantik ýerleriniň birine öwrülýär. Binagärlik gurluşygynda gijesine Aý şöhlesine ýalkym saçar ýaly edilip gurlan Aý köprüsi tegelek arka (gümmez) bilen simwollaşdyrylýar. Kölde ýarym tegelek şekilli Aý köprüsiniň gözelligini has-da artdyrýan ak geronlaryň uly sürüleri hem ýaşaýar.