Agyz bek­le­nen­de, ada­myň gün­de­lik iý­mit­len­mek en­di­gi düý­bün­den üýt­ge­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, luk­man­lar agyz bek­le­nen­de iý­mit­len­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Ag­za­çar sa­ça­gyn­da­ky ta­gam­la­ryň ada­myň ag­ra­my­ny art­dyr­ma­ga hem ge­tir­me­gi­niň müm­kin­di­gi bel­le­nil­ýär. Köp wagt aç ga­ly­nan­dan soň­ra ag­za­çar na­ha­ry­ny ikä böl­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Il­ki bi­len suw içip, soň­ra su­wuk çor­ba, peý­nir, zeý­tun ýa-da hur­ma iýil­me­li. Soň­ra bol­sa, 15 mi­nut çe­me­si dynç alyn­ma­ly. On­dan soň­ra esa­sy na­har iýil­me­li. Şeý­le­lik­de, ga­nyň dü­zü­min­dä­ki şe­ke­riň möç­be­ri de­ňag­ram­ly ýag­daý­da art­ýar.
Il­ki bi­len ýe­ňil iý­mit­le­ri iý­mek­lik uzak wagt­lap boş du­ran aş­ga­za­ny esa­sy na­ha­ra taý­ýar­la­ýar. Şeý­le­lik­de, na­har­dan soň­ra ýü­ze çy­kyp bil­jek iý­mit siň­dir­mek­de kyn­çy­lyk, da­ma­ryň çe­kil­me­gi, bir­den uky­nyň gel­me­gi we ys­gyn­syz­lyk ýa­ly nä­hoş­luk­lar dö­re­me­ýär.