Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron şu gün – 5-nji aprelde 7-nji aprele çenli dowam etjek döwlet sapary bilen Pekine bardy. Bu barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berdi.
Saparyň dowamynda Fransiýanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýer-ministri Li Sýan, Milli Halk Kongresiniň Hemişelik komitetiniň başlygy Çžao Leszi we Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşjakdygy bellenilýär. Saparyň maksatnamasynda Makronyň Pekinden başga-da, Guançžou welaýatynyň Guançou şäherine baryp görmegini göz öňünde tutulýar.
Ýeliseý köşgünden berilýän maglumatlara görä, Fransuz lideri ykdysady ugurda Hytaý bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.
Bu fransuz lideriniň soňky üç ýarym ýylda Hytaýa eden ilkinji saparydyr. Ondan öň 2019-njy ýylyň güýzünde Hytaýyň paýtagtynda bolupdy.
Şol günler 5-7-nji aprel aralygynda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen hem Hytaýa barar. Ýewropa Bileleşiginiň diplomatiýasynyň başlygy Jozep Borrel hem geljek hepde Pekine sapar etmekçi.