Pähimdar ata-babalarymyz “Saglygym begligim”, “Sag başym – soltan basym”, “Saglyk – baýlyk” ýaly gyzyldan gymmatly jümleleri bize miras goýup gidipdir. Ata-babalarymyzyň bu parasatly sözleri sagdyn durmuşyň eşretli ýaşaýşymyzyň berk binýadydygyny ündeýär. Hakykatdan-da saglyk – bahasyz baýlyk. Biziň her birimiz bu parasatly sözleri özimize ýörelge edinip öz saglygymyzy gorap saklamagymyz, sport bilen yzygiderli meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegimiz gerek. Munuň özi her birimiziň bagtyýar durmuşymyzyň özenini düzýär.
Hormatly Prezidentimiz sporty we bedenterbiýe hereketlerini ösdürmäge ildeşlerimiziň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýär. Welaýatlarda, etrapdyr, şäherlerde, obalarda sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi. Sportyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri bolan bu desgalarda ýaşlarmyzyň müňlerçesi türgenleşýärler. Ýurdumyzyň ösen sportyň mekanyna öwrülmegi biziň her birimizi begendirýär, buýsandyrýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin sporty-bedenterbiýe hereketlerini ösdürmek, wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berk ornaşdyrmakda üstünlikli amala aşyrylýan giň göwrümli işlere bu günki gün dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly baha berilýär. Halkara derejesindäki uly sport ýaryşlarynyň biziň ýurdymyzda geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynyň ýurdumyzda geçirilmegi ýurdymyzyň ýokary depginler bilen sport döwletine öwrülýändigini görkezýär. Bu günki gün sporty ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler özüniň guwandyryjy netijelerini berýär. Türkmen ýaşlary halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeläp, türkmen baýdagyny al-asmana parladýarlar.
Ýurdumyzda halkara sport çäreleri hem her ýyly giňden bellenip geçilýär. Bütindünýä saglyk gününiň, bütin dünýä welosiped gününiň ýokary derejede geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu halkara sport çäreleri mynasybetli sporta höwesjeň ähli ildeşlerimiziň gatnaşmagynda pyýada we welosipedli ýörüşler, dürli sport ýaryşlary geçirilýär, ähli edara-kärhanalaryň öňündäki meýdançalarda irki maşklar ýerine ýetirilýär. Munuň özi watandaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny açyp görkezer. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Bütindünýä saglyk güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Köneürgenç etrabynda hem giňden bellenilýär. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dürli sport bäsleşikleri, tegelek stoluň başynda şöhbetdeşlikler ýokary ruhubelentlikde geçirilýär. Şular ýaly sport çäreleriniň biri hem Köneürgenç etrabynyň 2-nji sport mekdebinde geçirildi. Bu sport çäresini etrap häkimligi, zenanlar guramasy, jemgyýetçilik guramalar, bilim, sport, medeniýet bölümleri bilelikde guradylar. Sport mekdebiniň öňündäki meýdançada etrap medeniýet bölüminiň aýdym sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Onda etrabymyzyň tanymal aýdymçylary sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdyna öwrülen ýurdymyzda sport ulgamynda ýetilen sepgitleri, bagtyýar döwrümizi, Arkadagly Serdarymyzyň rowaç işlerini wasp etdiler. Şeýle hem spordyň stoluň üstünde oýnalýan tennis, woleýbol ýaly görnüşlerinde 6-njy hünär-tehniki okuw mekdebi bilen etrap medeniýet bölüminiň zenanlarynyň arasynda, etrap medeniýet bölümi bilen etrap bilim bölüminiň erkekleriniň arasynda ýaryşlar guraldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Bütindünýä saglyk gününiň çäreleri aýratyn many-mazmuna eýe bolmagy, ýaşlarmyzyň sporta-sagdynlyga ygrarlydygyny açyp görkezdi.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.