Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň nobatdaky tapgyryny başdan geçirýän sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan güneşli Diýarymyz her ýylda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä saglyk günini garşy alýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän bu baýramçylyk adamzadyň parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, dünýä halklaryny agzybirlige alyp barýan, milletleriň dost-doganlyga bolan synmaz söýgüsini aňladýan sport dabarasydyr. Elbetde, sport dostlugyň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň netijeli gurallarynyň biri bolmak bilen, adamzadyň gönümel ýaşaýyş-durmuş şertlerine täsir edýän işjeňligi aňladýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini ýola goýmaklykda bolsa ilkinji nobatda özüňe ynam döretmekde bedenterbiýe we sportuň ynsan üçin aýratyn uly orny bardyr. Şonuň üçin hem yzygiderli sport bilen meşgullanýan adam elmydama ruhubelent we sagdyn bolýar.
Şoňa görä-de, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, sporty ösdürmek, ruhy we beden taýdan kämil şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmekde Milli Olimpiýa komitetiniň Başlygy Arkadagly Serdarymyz tarapyndan giň gerim berilýän döwlet syýasatymyz alnyp barylýar. Şonuň bilen gönümel baglylykda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde indi adata öwrülen her ýylyň aprel aýyny döwlet derejesinde «sport aýlygy» diýip belläp geçýän halkymyz, bu ýyl hem şol asylly däbe eýeren ýagdaýda sport baýramçylygyny döwlet derejesinde belleýär. Bu aýda raýatlaryň ähli ýaşdaky toparlary, aýratyn hem çagalar, ýetginjekler, ýaşlar işjeň gatnaşýarlar.
Hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny saklamagyň, dürli hili keselleriň öňüni almagyň, olaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň sagdyn we ruhy taýdan güýçli nesilleri ýetişdirmegiň iň gowy serişdesi hökmünde sport-sagaldyş hereketine aýratyn üns berip, täze umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär we köpçülikleýin sport-sagaldyş çärelerine badalga berýär. Söz delili bilen diýlişi ýaly, geçen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasyny görkezmek bolar. Bu syýasy ýeňiş ata Watanymyz üçin indi sport äleminde birinji başlangyç däl, çünki Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda aprel aýynyň 12-sine BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip belläp geçmek hakyndaky rezolýusiýanyň awtory bolup çykyş etmegi hem bu şanly wakanyň başlangyjy bolup durýar. Galyberse-de, 2019-njy ýylyň iýun aýynyň 1-ne ak mermere bürenen «Aşyklaryň şäheri» hökmünde taryplanýan gözel paýtagtymyzda 2019 sany welosipedçi bir-birinden deň aradaşlykda bir hatar bolup Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň daşyndan 3300 metr aralygy geçip, bu ugurda iň uzak dowam eden welosiped ýörişi diýlip Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazga alyndy. Bu bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn strategiýanyň uly üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Häzirki wagtda dünýä halklarynyň giňden ulanýan transport serişdesine öwrülen welosiped sürmek, sportuň görnüşi bolmak bilen bir hatarda amatly daşky gurşawa bolan zyýansyz täsiri, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem, welosiped sürmek we ondan yzygiderli peýdalanmak adamyň bedeninde işjeňligi artdyrýar. Iri baýramçylyk çäresi hasaplanylýan «Bütindünýä welosiped güni» sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary, amatly ulag serişdesi we gündelik işjeňlik hereketiň giňden ýaýbaňlanmagynyň nyşanasydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bolsa şeýle oňyn netijeli we uly ähmiýete eýe bolan sport baýramçylygyny esaslandyryjy bolup çykyş etmegi agzybir türkmen halkymyzyň kalbyny has-da guwandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň hukuk binýady üpjün edilýär. Muňa mysal edip, «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Professional sport hakynda», «Meýletinçiler hakynda», «Sportda dopinge garşy göreş hakynda», «Atçylyk we atçylyk sport ýaryşlary baradaky» we «Döwlet ýaşlar syýasaty baradaky» Türkmenistanyň kanunlaryny, galyberse-de «Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllar aralygynda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynyň» kabul edilmegini görkezmek bolar. Bu hukuknamalaryň kabul edilmegi sport diplomatiýasynyň mizemez hukuk binýady bolmak bilen hatarda, raýatlarymyzyň «sagdyn bedende – sagdyn ruh» diýen ýörelgäni işjeň ösdürmäge ýardam berýär, ylaýta-da ýaşlaryň yzygiderli sport bilen meşgullanmaklaryna, dünýä sport arenasynda türkmen baýdagyny al-asmanda partlatjak meşhur türgenleri ösdürip, taýýarlamaga giň mümkinçilikleri berýär.
Bize şeýle sagdyn jemgyýetde ýaşamaga, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip beren hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynda rowaçlyklary arzuw edýäris!
Batyr ILAMANOW, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň talyby.