ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden 11-14-nji aprel aralygynda Beýik Britaniýa we Irlandiýa sapar eder. Bu barada Ak Tam habar berdi.
“Prezident Jozef Baýden 11-14-nji aprel aralygynda Beýik Britaniýa we Irlandiýa sapar eder. Prezident Baýden ilki 11-12-nji aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň Belfast şäherine, soň bolsa 12-14-nji aprelde Irlandiýa baryp görer” diýlip, Ak Tamyň beýanatynda mälim edilýär.
ABŞ-nyň Prezidenti Demirgazyk Irlandiýa saparynda Belfast şertnamasyna gol çekilen gününden bäri geçen 25 ýylyň içindäki ösüş-özgerişleri ara alyp maslahatlaşmakçy. Şeýle-de Baýden ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşar.
Ýakynda Korol Karl III täç geýdiriliş dabarasyna Baýdeniň ýerine diňe ABŞ-nyň birinji zenany Jill Baýdeniň gatnaşjakdygy habar berildi.