“OpenAI” kompaniýasynyň işläp taýýarlan “ChatGPT” söhbetdeşlik programmasy adamlaryň sowallaryna jogap berýär. Bu tehnologiýa algoritmler arkaly dili öwrenýär we adamyň soragyna manyly jogap berip bilýär. Emeli aň tehnologiýanyň köp zady üýtgetmegine garaşylýar. Bilermenler “ChatGPT”-den ýeke gezmek üçin maslahat berýän ýurtlaryny soradylar. Ine, emeli aň tehnologiýasynyň maslahat beren ýurtlary.
Ýaponiýa. Özboluşly medeniýeti, lezzetli aşhanasy we ajaýyp tebigy gözellikleri bilen öňe saýlanýar.
Täze Zelandiýa. Daglary, deňiz kenarlary we tebigatda ýöremek üçin ýodalary bilen başdangeçirmeleri halaýanlara uly mümkinçilik döredýär.
Islandiýa. Buz we oduň ýurdy hasaplanýan Islandiýa dünýäniň başga ýerinde gabat gelmeýän şaglawuklary, buzluklary we ýyly suwly ýerasty çeşmeleri bilen jahankeşdelerde bilesigelijilik duýgusyny oýarýar.
Tailand. Arzan bahaly syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýän ýurt baý medeni mirasy we owadan deňiz kenarlary bilen jahankeşdeleri özüne çekýär.
Kanada. Tebigy gözellikleri, güýmenje ýerleri we açyk asmanyň astynda geçirilýän gyzykly çäreleri bilen köpleriň ünsüni çekýär. Roki daglary, Toronto we Montreal ýaly owadan şäherleri her jahankeşdäniň arzyly ýurdy hasaplanýar.
Kosta Rika. Tropik tokaýlary, deňiz kenarlary we baý tebigaty jahankeşdeleri özüne çekýär.
Portugaliýa. Täsin binagärligi, lezzetli tagamlary we myhmansöýer ýaşaýjylary jahankeşdelerde uly täsir galdyrýar.
Awstraliýa. Endemik jandarlary we ösümlikleri, giň sähralary ýurduň esasy aýratynlygydyr.
Norwegiýa. Fiordlary, daglary we Demirgazyk yşyklary bilen köpleri özüne çekýär.
Peru. Maçu-Pikçu ýadygärlikleri bilen tanalýan ýurtda gadymy ýadygärlikleriň onlarçasy saklanyp galypdyr. And daglary, Amazonka tropik tokaýlary we Ýuwaş ummany tebigy köpdürlüligi hödürleýär.