Brend­le­re ba­ha ber­ýän “Brand Fi­nance” reý­ting-mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­niň iň gym­mat­ly aw­tou­lag brend­le­ri­ni mä­lim et­di. 2023-nji ýy­la de­giş­li mag­lu­mat­da il­kin­ji ge­zek elekt­rou­lag ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa öň­de­li­gi eýe­le­di. Soň­ky ýyl­lar­da di­ňe elekt­rou­lag kom­pa­ni­ýa­la­ry däl, köp ýyl­dan bä­ri aw­tou­lag önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan kom­pa­ni­ýa­lar hem elekt­rou­lag çy­ka­ryp baş­la­dy. Bu ýyl­ky sa­naw­da “Tes­la” sa­na­wyň çür de­pe­si­ne ýer­leş­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň brend nyr­hy­nyň 66,2 mil­liard­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ikin­ji or­ny eýe­län “Mercedes-Benz” bren­di­niň nyr­hy 58,8 mil­liard dol­lar. Şeý­le­lik­de, XIX asy­ryň ahy­ryn­dan bä­ri aw­tou­lag önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan kom­pa­ni­ýa­nyň brend ba­ha­sy 2000-nji ýyl­dan soň gur­lan kom­pa­ni­ýa­dan az bol­dy. Üçün­ji or­ny “Toyo­ta” (52,5 mil­liard dol­lar), dör­dün­ji ýe­ri BMW (40,4 mil­liard dol­lar) eýe­läp­dir. Il­kin­ji bäş­li­gi “Porsche” (36,8 mil­liard dol­lar) jem­läp­dir.
“Volks­wa­gen” (34 mil­liard dol­lar), “Hon­da” (24,2 mil­liard dol­lar), “Ford” (22,3 mil­liard dol­lar), “Hy­un­dai” (15,9 mil­liard dol­lar) we “Audi” (13,9 mil­liard dol­lar) il­kin­ji on­lu­ga gi­rip­dir.