Täze geçirilen barlaglaryň birine görä, Antarktikadaky buz gatlagynyň garaşylandan ir eräp biljekdigi mälim edildi. Angliýanyň Nýukästl uniwersitetiniň bilermenleri ýer ýüzünde deňiz derejesini ölçeýän ylmy iş geçirdiler. Işiň çäklerinde Norweg deňziniň düýbi we onuň golaýyndaky buz gatlaklary öwrenildi. Bilermenler Norwegiýanyň kenarlarynyň buz gatlaklarynyň hem-de Antarktikadaky buz massalarynyň yza çekilendigi anyklandy. Şeýle hem howanyň üýtgemegi sebäpli Antarktikada ereýän buz gatlagynyň ummanlardaky suwuň derejesini 1 santimetr golaý beýgeldendigi mälim edildi. Uniwersitetň ylmy işgäri, doktor Kristina Baçelor ýylylygyň artyşynyň häzirki derejesinde dowam eden ýagdaýynda deňziň suwuň has-da beýgeljekdigini aýtdy.