Ga­dyr­ly ça­ga­lar! Ata Wa­ta­ny­myz­da ýaş nes­liň döwrebap bi­lim, ter­bi­ýe al­magy ugrunda bilim ojak­la­ryn­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň iň kämil til­si­mat­la­ry giň­den ula­nyl­ýar. Ola­ryň uzak wagt­lap peýdala­nyl­ma­gy sak­la­nyş ýag­da­ýy­na bag­ly bo­l­ýar. Biz dur­mu­şy­myz­da giň­den ulan­ýan no­ut­buk­la­ry­my­zyň ula­nyş möh­le­ti ba­ra­da nä­me­le­ri bil­ýä­ris? Olaryň ba­ta­re­ýa­sy­ny zar­ýad­dan dol­dur­mak üçin onyň do­ly gu­tar­ma­gy­na ga­raş­ýa­ňyz­my, ýog­sa, do­wam­ly elekt­ri­ge bi­rik­di­rip goý­ýa­ňyz­my?
No­ut­buk­da, jü­bi te­le­fon­la­ryn­da, planşetler­de ula­nyl­ýan ba­ta­re­ýa­la­ryň ag­la­ba­sy li­tiý ion (Lit­hi­um-ion) teh­no­lo­gi­ýa­sy­na de­giş­li­dir.
Li­tiý ion ba­ta­re­ýa­sy­nyň ula­nyş möh­le­ti nä­çe? Bu önüm nä­hi­li peýdalanylsa-da, my­sal üçin di­ňe ba­ta­re­ýa ula­nyl­sa, ýa-da toga do­wam­ly bi­rik­di­ri­len bol­sa-da, gün geç­di­gi­çe ula­nylyş möh­le­ti azal­ýar. Hat­da hiç ula­nyl­ma­sa hem öm­ri azal­ýar. Çün­ki bu­la­ryň bel­li bir işlediliş möh­le­ti bar. Em­ma uzak ulan­mak ýe­ne-de si­ziň eli­ňiz­de.
Nä­dip uzak ula­nyp bolar?
Gyz­gyn­lyk ba­ta­re­ýa­nyň öm­rü­ni gys­gald­ýar. No­ut­buk­lar işledildigiçe ola­ryň gyz­gyn­ly­gy art­ýar. Uly prog­ram­ma­lar işe goý­be­ri­len­de, ol has-da art­ýar. Mu­nuň üçin no­ut­bu­gy so­wa­dy­jy en­jam­la­ry ulan­ma­ly. Bu en­jam no­ut­bu­gyň as­ty­na go­ýul­ýan win­tel­ýa­tor­dan yba­rat­dyr. Mümkin boldugyça komp­ýu­te­ri sal­kyn ho­wa­ly ýer­ler­de işletmeli. Bu ýer­de mak­sat ýy­ly­ly­gy pe­selt­mek­dir.
Eg­re-de no­ut­bu­gy uzak wagtlap ulan­ma­jak bol­sa­ňyz, onuň ba­ta­re­ýa­sy­ny 100% do­lu­ly­gy­na goý­ma­ly däl. Hü­när­men­le­riň tas­syk­la­ma­gy­na gö­rä, onuň bol­ma­ly­sy 40–50% do­lu­lyk­dyr.
No­ut­bu­gy köp wagt ulan­mak is­le­me­se­ňiz, en­ja­my suw we ho­wa ge­çir­me­ýän plas­tik gap­da so­wa­dy­jy­da sak­la­ma­ly. Ýö­ne o­nuň doň­du­ry­jy­sy­na sal­ma­ly däl. Bu usul ba­ta­re­ýa­nyň ula­nyş möh­le­ti­ni uzald­ýar.
Şeýle hem ba­ta­re­ýa­nyň güý­jü­ni so­ňu­na çen­li gu­tar­mak­ dog­ry usul däl­. No­ut­bu­gy her gün ulan­ýan bol­sa­ňyz, iň go­wu­sy ony elekt­ri­ge yzy­gi­derli bi­rik­di­rip ula­nyň. Ba­ta­re­ýa­nyň güý­jü­ni so­ňu­na çen­li ulan­mak­ ýa-da köp dol­du­ryp bo­şat­mak, onuň ula­nyş möh­le­ti­ni kemeldýär. Şo­nuň üçi­nem gys­ga möh­let­li dol­du­ryşla­ry (80%, 90%, 100%) ulan­mak has peý­da­ly­. Ýöne her gün ulanmasaňyz, onda noutbugyňyzy tokdan aýryp goýuň!