Bir oba ozalky oturan ýerinden başga bir ýere göçürilýär. Obada bir garry horaz bilen garry köpekden başga hiç janly-jemende galmandyr. Bu ikisi ondan-mundan zat çöpläp, gün görüp ýören eken. Bir gün olaryň gezip ýören ýerine bir aç tilki sümsünip gelipdir. Horaz iň beýik tamyň üstüne çykyp ýatar eken. Tilki her näçe sermense-de iýer ýaly zat tapman aýlanyp ýörkä, birden, horaza gözi düşüpdir. Tilki şobada halymsyran bolup:
– Eý, horaz dost, näme beýle ýokary çykypsyň-la. Ýere düş ahyry. Gel, ikimiz dost bolaly, beýdip hor-homsy ýaşap ýörenden özümiz bile ekin ekeli, hasyl alaly. Tohumyny men taparyn. Sen ýöne ýygnap, eýe bolsaň bolýar – diýip başlaýar.
– Wah, şony meniň hem göwnüm isleýär. Menem harmanyň ýanynda bolanymy gowy görýän welin, ýöne muňa agam razy bolmazmyka diýýän – diýipdir. Onda tilki:
– Hany, agaň? Men ony özüm derrew razy ederin – diýýär. Horaz:
– Ho-on-ha, hol, tamyň içinde ýatandyr. Arkaýyn baryber, ýeke özüdir – diýip, ala köpegiň ýatan jaýyny salgy berýär.
Tilki horazyň “agam” diýýäni hem özi ýaly horazdyr öýdüp, begenip ugraýar. Ol salgy berlen tamyň işiginden içine boýnuny uzadyp äňedýär. Görse, ynha, bir ullakan ala köpek ýatyr. Ony gören tilkiniň ýüregi ýarylan ýaly bolup, ökjäni göterýär. Ala köpek hem onuň söbügüne münýär. Tilki näçe sapalak atyp gaçsa-da satanlak ala köpek ony sypdyrmaýar. Häli ýetdim, şindi ýetdim diýip, ahyry tilkiniň guýrugyndan agyz salýar. Tilki dyzap ugraýar, köpegem sypdyrmaýar. Aralykda tilkiniň guýrugy üzülip, ala köpegiň agzynda galýar. Ol guýruk bilen güýmenýänçä, tilki mazaly arany açýar. Onuň bolup barşyna horazyň gülküsi tutup gygyrýar.
– Eý, tilki dost, bolup barşyň nähili, how! Hany, bärik gel, menem, ynha, tamdan düşeýin, ekin ekeris – diýip gygyrýar. Onda tilki:
– Aý, horaz dost, agam diýýäniň ýaňky ala köpek bolsa, ekin ekjegem ikimiz bolsak, onda meniň ekinim ekilipdir – diýip, guýrugyny görkezenmiş. Onda horaz:
– Wiý, tilki dost, sen-ä tüýs gülki bolaýypsyň – diýip gülüpdir. Tilki bolsa, öz hilesi paşmansoň, yzyna garaman gaçypdyr.