Finlýandiýanyň Premýer-ministri Sanna Marin parlament saýlawlarynda Sosial-demokratik partiýa ýeňlişe duçar bolandan soň, iş başyndan çekildi. Bu barada Finlýandiýanyň “Yle” fin neşiri habar berýär.
Premýer-ministr Sanna Mariniň ýolbaşçylyk edilýän hökümeti ýurtda geçirilen saýlawlarynda ýeňlişe sezewar bolandan soň Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Niiniste işden çekilemek barada arza bilen ýüz tutdy. Prezident hökümetiň arzasyny makullady.
Sanna Mariniň Sosial-demokratik partiýasy 2-nji aprelde geçirilen saýlawlaryň netijesinde üçünji orny eýeledi. Birinji orny Milli koalisiýa partiýasy (NKP) ikinji orny bolsa, “Hakyky finler” milli partiýasy eýeledi.
Parlament saýlawlaryndan soň hökümetiň iş başyndan gitmegi Finlýandiýada däp hasaplanýar.
Häzirlikçe Sanna Mariniň hökümeti täze partiýalaryň bileleşigi hem-de täze Ministrler Kabineti döredilýänçä, tehniki işleri ýerine ýetirmegi dowam eder.
2019-njy ýylda Sanna Marin dünýäde iň ýaş hökümet başlygy boldy.
Saýlawlaryň resmi netijeleri 5-nji aprelde tassyklandy. Finler 22 partiýadan 2 müň 424 dalaşgär saýlady, bu öňki saýlawlara garanyňda, 44 syýasatçy az we 3 partiýa köp. Bu syýasy çärede 18 ýaşdan uly raýatlar ses berdiler. Dalaşgärleriň ortaça ýaşy 45,8, saýlawçylaryňky – 51,7 ýaş.