Hy­ta­ýyň bö­lek söw­da pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan “Ali­ba­ba” kom­pa­ni­ýa­sy eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­na ma­ýa go­ýum goý­ber­ýär. Ha­ryt­la­ry sal­gy­la­ry­na el­tip ber­mek bi­len meş­gul­lan­ýan kom­pa­ni­ýa “Ton­gyi Qian­wen AI” at­ly söh­bet­deş­lik plat­for­ma­sy­ny sy­nag­dan ge­çir­mek üçin bu ugur­da iş alyp bar­ýan beý­le­ki şe­re­ket­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la go­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän “ChatGPT” uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lup, adam­la­ryň so­wa­ly­na edil adam ýa­ly jo­gap ber­ýär. “Micro­soft” bi­lem hyz­mat­daş­lyk ed­ýän hem-de “Ope­nAI” ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len bu teh­no­lo­gi­ýa ge­çen ýy­lyň no­ýab­ryn­da köp­çü­li­ge hö­dür­le­nip­di.
“Ali­ba­ba” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “bu­lut” mag­lu­ma­ty bö­lü­mi bo­lan “Ali­ba­ba Clo­ud”-yň iş­läp taý­ýar­lan “Ton­gyi Qian­wen AI” at­ly söh­bet­deş­lik plat­for­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dy. Bu söh­bet­deş­lik prog­ram­ma­sy hä­zir­lik­çe di­ňe hy­taý di­lin­de el­ýe­ter­li.
Bi­ler­men­ler eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň gel­jek­de di­ňe fi­zi­ki däl, eý­sem akyl zäh­me­ti bi­len edil­ýän iş­le­ri hem ýe­ňil­leş­dir­jek­di­gi­ni, ola­ryň ara­syn­da bank-ma­li­ýe pu­da­gy­nyň hem bar­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Os­man Ata­ýew, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.