Täjirçilik maksatly ilkinji suwüsti fermasy gurulýar

94

ABŞ-nyň Howp­suz­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak býu­ro­sy (BSEE) ta­ra­pyn­dan ABŞ-nyň tä­jir­çi­lik mak­sat­ly il­kin­ji su­wüs­ti ýel fer­ma­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na baş­lan­dy. Ýur­duň çä­gin­de ke­nar­dan uzak­da­ky il­kin­ji ýel fer­ma­sy­nyň gur­lu­şy­gy­ny şu ýy­lyň to­mus aý­la­ryn­da ta­mam­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Ýel fer­ma­sy Da­ni­ýa­nyň bu ugur­da ýö­ri­te­le­şen «Ørsted» hem-de Ang­li­ýa­nyň «Ever­so­urce» ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy esa­syn­da gur­lup ula­nyl­ma­ga ber­ler. Umu­my kuw­wa­ty 132 me­ga­wat­ta (MWt) deň bol­jak, 12 tur­bi­na­ly ýel fer­ma­sy Nýu-Ýork­da­ky 70 müň ja­ýy elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün eder.
Şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, de­ňi­züs­ti ýel tur­bi­na­la­ry işe gi­ri­zi­len­den soň­ra ön­dü­ril­jek ener­gi­ýa ýig­ri­mi ýyl­lyk möh­let bi­len «Long Is­land Po­wer Aut­ho­ri­ty» kom­pa­ni­ýa­sy­na sa­ty­lar.
ABŞ-da 2030-njy ýy­la çen­li umu­my önüm­çi­lik kuw­wa­ty 30 GW bol­jak ýel be­ket­le­ri gur­lar. Dur­mu­şa ge­çi­ril­jek bu tas­la­ma bu mak­sat­na­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na go­şant go­şar.
Ägirt uly ener­gi­ýa gor­la­ry­na eýe bo­lan ABŞ-da aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­rin­den ýe­ter­lik de­re­je­de peý­da­la­nyl­ma­ýar. Em­ma, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň aras­sa çeş­me­le­rin­den üp­jün edil­me­gi­ni hö­wes­len­dir­jek ka­nun güý­je gi­riz­lip­di.

Ah­met Ata­ba­ýew, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.