ABŞ-nyň Howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak býurosy (BSEE) tarapyndan ABŞ-nyň täjirçilik maksatly ilkinji suwüsti ýel fermasynyň gurluşygyna başlandy. Ýurduň çäginde kenardan uzakdaky ilkinji ýel fermasynyň gurluşygyny şu ýylyň tomus aýlarynda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Ýel fermasy Daniýanyň bu ugurda ýöriteleşen «Ørsted» hem-de Angliýanyň «Eversource» energiýa kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygy esasynda gurlup ulanylmaga berler. Umumy kuwwaty 132 megawatta (MWt) deň boljak, 12 turbinaly ýel fermasy Nýu-Ýorkdaky 70 müň jaýy elektrik energiýasy bilen üpjün eder.
Şertnama laýyklykda, deňizüsti ýel turbinalary işe girizilenden soňra öndüriljek energiýa ýigrimi ýyllyk möhlet bilen «Long Island Power Authority» kompaniýasyna satylar.
ABŞ-da 2030-njy ýyla çenli umumy önümçilik kuwwaty 30 GW boljak ýel beketleri gurlar. Durmuşa geçiriljek bu taslama bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna goşant goşar.
Ägirt uly energiýa gorlaryna eýe bolan ABŞ-da arassa energiýa çeşmelerinden ýeterlik derejede peýdalanylmaýar. Emma, elektrik energiýasynyň arassa çeşmelerinden üpjün edilmegini höweslendirjek kanun güýje girizlipdi.
Ahmet Atabaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









