2-nji ap­rel­de Çer­no­go­ri­ýa­da ge­çi­ri­len pre­zi­dent saý­law­la­ry­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da öň­ki yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri Ýa­kow Mi­la­to­wiç ynamly ýe­ňiş ga­zan­dy. Şeý­le­lik-de, 1991-nji ýyl­dan bä­ri uly bolmadyk arakesmeler bilen ýurdy do­lan­dyr­ýan häzirki Pre­zi­dent Mi­lo Ju­ka­no­wiç ýeňiş gazanyp bilmedi.
Saýlaw toparynyň maglumatlaryna gö­rä, Ýakow Mi­la­to­wiç ýurtda geçirilen saýlawlarda sesleriň 60%-den gow­ragyna, Mi­lo Ju­ka­no­wiç bol­sa 40%-den gowragyna eýe bol­dy. 37 ýaş­ly Mi­la­to­wiç, sag­çy «Ýew­ro­pa hä­zir» he­re­ke­ti­niň esas­lan­dy­ry­jy ag­za­sy bolup, partiýanyň başlygynyň orun­ba­sa­ry wezipesinde iş­ledi. Mi­la­to­wi­çiň kam­pa­ni­ýa wa­da­la­ryn­da, esasan, kor­rup­si­ýa gar­şy gö­reş, ilatyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, şeýle-de Çer­no­go­ri­ýa­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­ly­gy­na kabul edilmegini gazanmak ýa­ly we­zi­pe­ler bar.
Saý­law­lar­dan soň, Mi­lo Ju­ka­no­wiç ýe­ň­len­di­gi­ni mälim edip, bäsdeşini ýeň­şi bi­len gut­la­dy. – Çer­no­go­ri­ýa­da Pre­zi­dent saý­law­la­ry üstünlikli geçirildi. Men halkyň saýlan Pre­zi­den­ti­ne aý­ra­tyn hor­mat goý­ýa­ryn – di­ýip, ozal­ky Pre­zi­dent aýt­dy. Saý­lawlara gat­na­şyk, tak­my­nan, 70%-e deň bol­dy.
Ýur­duň Pre­zi­den­ti bäş ýyl möh­let bi­len ses ber­mek ar­ka­ly saý­lan­yp, iki möh­let­den köp bu we­zi­pe­de ga­lyp bil­me­ýär. Çer­no­go­ri­ýa par­la­ment Res­pub­li­ka­sy bo­lup, döw­let Baş­tu­ta­ny, esa­san, we­kil­çi­lik­li we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Şeý­le-de bol­sa, ol Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ni düz­mek­de we Prem­ýer-mi­nist­ri hö­dür­le­mek­de mö­hüm rol oý­na­ýar.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, hä­zir­ki wagt­da Çer­no­go­ri­ýa­da 630 müň­den gow­rak adam ýa­şa­ýar.