Geçen ýyl Wengriýa dürli kynçylyklara garamazdan 10 milliard ýewro möçberinde göni daşary ýurt maýa goýumlaryny ýurda çekdi. Bu ýyl ýurduň hökümeti hususy kompaniýalary satyn almak, bar bolan mümkinçilikleri gaýtadan ulanmak we täze kärhanalary gurmak arkaly maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça meýilnamalary işläp düzýär. Bu barada ýurduň Ykdysady ösüş ministrligi tarapyndan mälim edildi. Maksatnama baradaky anyk maglumatlar birnäçe hepdäniň içinde aýan ediler.
Hökümetiň eýýäm gaýtadan senagatlaşdyrmak boýunça 700 milliard forint möçberinde karz maksatnamasyny işe girizendigi bellendi. Bu maksatnama kärhanalara arzan maýa goýumlaryny almaga we dolanyşykdaky sermaýanyň üstüni doldurmaga mümkinçilik berýär. Hünärmenler göni daşary ýurt maýa goýumlary üçin has uly bäsdeşlik boljakdygyny çaklaýarlar.
«Hökümet täzelerini işläp düzmek bilen bir hatarda, bar bolan ykdysady maksatnamalaryny goldaýar. Şeýle-de, hökümetiň goldaw bermek baradaky kararlarynyň ähmiýeti güýçlendirilip, karzlary bermek ukyby has-da gowulandyrylmaly» diýip, ministrlikde belleýärler.