Häzirki wagtda meşhur «Jeýms Webb» kosmos teleskopy älemiň syrlaryny açmagy dowam etdirýärkä, NASA başga bir «Nensi Greýs Roman» kosmos teleskopyny uçurmaga taýynlyk görýär. Täze teleskopyň 2027-nji ýyldan gijä galman uçurylmagy meýilleşdirilýär. Onuň döredijileri bu teleskopyň NASA-nyň ozalky ugradan missiýalaryndan hem has köp maglumat ýygnap, millionlarça galaktikany surata düşürip biljekdigine ynanýarlar.
NASA-nyň taslamasyna Ýewropa kosmos agentligi (ÝKA) hem gatnaşýar: ol missiýa wagtynda ýygnaljak täsin maglumatlardan peýdalanmak maksady bilen öz tehnologiýalaryny hödürleýär. ÝKA-nyň maglumatlaryna görä, «Jeýms Webb» we ondan öňki «Hubble» teleskoplarynyň görüş gerimleri pes bolmasa-da «Nensi Greýs Roman» has uly görüş ukybyna eýe bolar. Ýewropa kosmos agentliginiň ylmy amallary ösdürmek boýunça müdiri Marko Sirianniniň pikiriçe, täze teleskop has uzakdaky galaktikalary hem surata düşürmegiň hötdesinden geler.
NASA we onuň hyzmatdaşlary älemiň panoramik görnüşi arkaly dünýäniň astrofiziklerini gyzyklandyrýan soraglara jogap agtarmaga we Albert Eýnşteýniň umumy otnositellik nazaryýetiniň esasy ýörelgelerini derňemäge bil baglaýarlar. «Nensi Greýs Roman»-yň ýene bir maksady, biziň galaktikamyzyň çäklerinden täze ekzoplanetleriň gözleginde bolup, şeýle ekzoplanetalara eýe bolan ýyldyzlaryň sanawyny düzmekden ybarat.
Ýewropa kosmos agentligi indiki teleskop missiýasy üçin kosmos gämisiniň ýagdaýyny yzygiderli kesgitleýän kiçi teleskoplar, şeýle hem gämini we onuň beýleki enjamlaryny iýmitlendirmek üçin batareýalar bilen üpjün eder. Soňlugy bilen «Nensi Greýs Roman» milliardlarça galaktika barada maglumat ýygnar we alymlara Älemiň üç ölçegli modelini döretmäge kömek eder diýip, NASA-da belleýärler.