Birleşen Arap Emirliklerinden dört ýaşly oglan dünýäniň iň ýaş ýazyjysy boldy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasynda habar berildi. Said Raşed Al-Mheýriniň dört ýyl 218 gün ýaşyndaka “Saidiň pili we aýysy” atly kitaby çap edildi. Oglanjygyň sözlerine görä, ol ejekesiniň täsiri bilen hoşniýetlilik we dostluk barada kitap ýazmaly diýen karara gelýär. Onuň ejekesi Al-Dabi hem sekiz ýaşynda iki dilde kitap neşir etdirip, rekord goýan ýaş ýazyjydyr.