Ýapon ýazyjysy Haruki Murakaminiň “Shinchosha”neşiri tarapyndan neşir edilen täze romany 13-nji aprelde Ýaponiýada satuwa çykar. Täze roman “Şäher we onuň ygtybarsyz diwarlary” diýlip atlandyrylýar, kitabyň mazmunyny “Murakaminiň kalbyňy lerzana getirjek päk, 100 göterim dünýäsi” hökmünde häsiýetlendirýärler. 1200 sahypalyk kitabyň bahasy 2970 ýen (takmynan 22 dollar) bolar. Çap edilen neşir bilen bir wagtda elektron görnüşi hem satuwa çykarylar.
Täze eser Murakaminiň 15-nji romany bolar. Ýazyjynyň eserleri 40-dan gowrak dile terjime edildi. Ol köpsanly edebiýat baýraklarynyň eýesidir. Birnäçe gezek edebiýat boýunça Nobel baýragyna hödürlendi.
Bu Murakaminiň soňky alty ýylyň içinde ilkinji romanydyr. Öňki eseri “Serkerdäniň janyna kast edilmegi” ady bilen 2017-nji ýylyň fewralynda neşir edilipdi. Haruki Murakaminiň eserleri 40-dan gowrak dile terjime edildi. Onuň “Goýun awy”, “Norwegiýa tokaýlygy”, “Tow berilýän guşuň ýazgylary”, “Deňiz kenaryndaky Kafka”, “1Q84” ýaly romanlary hem meşhurdyr. Murakami edebiýat boýunça Nobel baýragyna birnäçe gezek dalaşgär görkezildi.