Ýaponiýanyň Iriomote adasyndaky ýaşaýan ýabany pişigi goramak maksady bilen syýahatçylaryň girişi çäklendirildi. “Gündogaryň Galapagosy” diýlip atlandyrylýan Okinawa prefekturasyna degişli bolan adasyna her günde 1 müň 200-den köp syýahatçynyň barmagy gadagan edildi. Tebigy gözelligi we diňe şu ýerde ýaşaýan Iriomote pişigi adanyň meşhurlygyny artdyrypdy.
Ýerli häkimiýet çendenaşa syýahatçylygyň ekoulgamy we ýaşaýjylaryň durmuşyna zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak üçin şeýle çäräni ýola goýdy. Çäklendirmelere boýun bolmak häzirlikçe mejbury däl, emma syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bu ugurda işleýän şereketleri bu düzgüni ýerine ýetirmäge çagyrýar.
Iriomote Okinawanyň iň uly ikinji adasy, emma onuň köp ýerinde ýaşaýyş ýok. Ada 2021-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilipdi. Iki müň töweregi ilaty bolan ada ýylda müňlerçe myhman barýar.
Iriomote pişiginden tebigatda bary-ýogy ýüz töwereginiň bardygy çaklanylýar.
Mundan ozal Indoneziýanyň Komodo adasynda adybir süýrenijiniň guralmagy üçin hem şeýle düzgün ýola goýlupdy. Ada barjaklaryň sany çäklendirilip, tölegli edilipdi.