Global klimat maksatnamasyna ýetmek üçin gazylyp alynýan energiýa gorlarynyň, şol sanda kömrüň ulanylyşynyň çäklendirilmegine zerurlyk duýulýar. Esasan, kömür bilen işleýän elektrik beketleri howany has köp zaýalaýar. Şol sebäpli energiýanyň alternatiw çeşmelerden üpjün edilmegi üçin taslamalar durmuşa geçirilýär, hökümetler bu taslamalara has köp goldaw berýär. Şeýle-de bolsa, dünýäde kömürden saplanmak üçin edilýän tagallalar garaşylan netijäni bermedi. “Global Energy Monitor” guramasy 9-njy gezek ýaýradylan “Kömürli ýylylyk beketleriniň global yzarlanyşy” atly maglumatda klimat maksatnamasyna ýetmek üçin önümçilik kuwwaty ýylda ortaça 117 gigawat bolan bekediň ýapylmalydygy, emma geçen ýyl 26 gigawatlyk bekediň önümçiligini togtadandygy bellenilýär.
Maglumatyň taýýarlanmagyna dünýäniň dürli guramalar goldaw beripdir.
Häzirki wagtda dünýäde hereket edýän kömür beketleriniň 30 göteriminiň (önümçilik kuwwaty takmynan, 580 gigawat) ýapyljak wagty mälim edilipdir. Önümçilik kuwwat 1400 gigawat bolan böleginiň bolsa, howa hiç hili zyýan ýetirmeýän görnüşe getirilmegi meýilleşdirilýär.
Kömür beketleriniň 5 göteriminiň haçan ýapyljakdygy belli däl. Muňa garamazdan, olaryň ýapylyş tizligi Pariž ylalaşygynda bellenendäkiden bäş esse haýal. Şeýle hem täze kömür beketleriniň gurluşygynyň togtadylmagyna hem zerurlyk duýulýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterriş täze taslamalaryň gurulmaly däldigini we bar bolan kömür beketleriniň ösen ýurtlarda 2030-njy, beýleki ýurtlarda 2040-njy ýyla çenli ýapylmalydygyny belleýär.
Pariž Ylalaşygyndan (2015-nji ýyl) bäri kömür taslamalarynyň üçden ikisi ýatyrylan hem bolsa, dünýäniň 33 ýurdunda umumy önümçilik kuwwaty 350 gigawat bolan kömür bekedi taslamalary bar. Önümçilik kuwwaty 192 gigawatlyk bolan beketleriň gurluşygy bolsa dowam edýär.
Hytaý gurluşygy meýilleşdirilýän we dowam edýän kömür bekedi taslamalarynda öňdeligi eýeläp, dünýäniň beýleki ähli ýurdundakydan hem köp. Geçen ýyl bu ýurduň gurluşygy dowam edýän taslamalary 2021-nji ýyldakydan 32 göterim artyp, 366 gigawata ýetipdir. Dünýäniň beýleki ýurtlarynda 22 göterim azalyp, 172 gigawata çenli azalypdyr.
Önümçilik kuwwatynyň möçberi hasaba alnanda, gurluşygy dowam edýän kömür beketleriniň 68 göterimi Hytaýa degişli.
Maglumata görä, geçen ýyl Ýewropa ýurtlarynda ýapylan kömürli beketleriň önümçilik kuwwaty bary-ýogy 2,2 gigawata ýetýär. Bu görkeziji 2021-nji ýylda rekord derejä ýetip, 14,6 gigawat bolupdyr.
2022-nji ýylda ABŞ önümçilik kuwwaty 13,5 gigawat bolan kömür beketlerini ýapyp, bu ugurda öňdeligi eýeläpdir.
Maglumatda gurluşygy meýilleşdirilýän kömür beketleriniň önümçilik kuwwaty babatda Hytaýdan soňra Hindistan we Türkiýe bar.