Türkiýe Respublikasynda öndürilýän TOGG atly elektroulagyň ak reňklisiniň Türkmenistana iberiljekdigi habar berildi. Bu barada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu belläp geçdi.
Ministr Çawuşoglu Antalýa şäherinde bu awtoulagyň sergi meýdançasyny aýlanyp gördi. Ministr TOGG elektroulagyna tutuş dünýäde, hususan-da türki döwletlerde uly gyzyklanmanyň bardygyny belläp, – TOGG elektroulagy türk raýatlary hem gyzyklanma bildirýär. Şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gyzyklanmalar bar – diýip, metbugat wekilleri bilen söhbetdeşliginde belläp geçdi.
Ol 4-nji aprelde bu elektrulagyň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe gowşurylandygyny belläp, onuň Türkmenistana we Özbegistana hem eltilip beriljekdigini aýtdy.
– Türkmenistan elektrikli awtoulagyň ak reňkdäkisini sargyt etdi – diýip ministr belledi. Şeýle hem ol ek elektroulagyň şu aýyň dowamynda öndüriljekdigini mälim etdi.
Çawuşogly Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy belläp, türk tarapynyň ak reňkde TOGG kysymly awtoulaga gyzyklanma bildirendigini belläp, “Ak reňkli ulaglar bir aýdan soňra öndüriler we şondan soňra ibereris. Häzirki wagtda ulaglaryň gyzyl reňkdäkisi elýeterli. Oňa isleg bolsa, bada-bat iberip biljekdigimizi mälim etdim” – diýip, belledi.
Bu elektroulaglar kuwwat babatda iki görnüşde – 200 we 400 at güýjünde çykarylýar. Onuň iň kuwwatlysy 4,8 sekuntda 100 kilometr tizlige ýetip bilýär. Awtoulag bir gezeklik zarýady bilen 500 kilometr ýol geçýär.