Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen nusgawy şahyrlarymyzyň baý mirasy öwrenilip, olary ylmy taýdan halka ýetirmekde uly işler alnyp barylýar. Milli Liderimiz: “Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň öňünde baş egýärin” diýmek bilen, nusgawy şahyrlarymyzyň baý edebi mirasyna ýokary baha berýär.
Gündogar edebiýatynyň görnükli wekili, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy asyrlaryň dowamynda halklaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyryp gelipdir. Şahyryň döredijiliginde ahlak, öwüt-nesihat, watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, mertlik meseleleri uly orny eýelemek bilen, il-ýurduň bir desterhanyň başynda jemlenmegi dogrusyndaky pikire syrygypdyr. Muny beýik akyldaryň:
Türkmen ilim, eý, adamzat,
Azat il, güzer gözlär men
– diýen setirleri-de doly tassyklaýar.
Beýik şahyr öz halkynyň ykbaly barada ýakyndan alada edip, onuň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky asylly arzuw-umytlaryny, isleglerini batyrgaýlyk bilen beýan edip, halky agzybirlige çagyrypdyr. Ol ýiti paýhasynyň miwesi bolan “Türkmeniň” atly şygrynda bu babatda şeýle diýýär:
Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Magtymgulynyň ýaşan döwründe il agzybirligini berjaý etmek üçin ençeme belli-belli şahsyýetler öňe çykypdyr.
Şahyr dürdäne şygyrlarynyň üsti bilen bir agza bakylmagy hakdaky pikirleri öňe sürüpdir:
Öter ömrüň – dünýä seýliň,
Hak ýoluna bagla biliň,
Agzy ala bolan iliň,
Döwleti gaçan ýalydyr.
Halk beýik şahyrynyň pikirine uýupdyr. Onuň öwüt-ündewlerini durmuş ýörelgesine öwrüpdir. Şahyr her demde halkyň agzybirligi baýdak edinmelidigini ündäpdir. Muny şahyryň “Ýaşymyz” atly şygrynda aýdyň görmek bolýar:
Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, gurulsyn,
Çille mest nerlermiz barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.
Magtymgulynyň “Türkmeniň”, “Gürgeniň”, “Gökleň”, “Türkmen binasy”, “Ili gözlär”, “Bilinmez” ýaly ençeme goşgulary watansöýüjilik temasynyň beýik nusgalarydyr. Şahyr hakyky watançy hökmünde öz ýurduna, il-gününe, tebigatyna çäksiz söýgi bilen garapdyr. Beýik akyldar:
Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri-maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň
– diýip, türkmen tebigatynyň waspyny ýetiripdir.
Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň bitewi döwlet gurmak, agzybir durmuşda ýaşamak, berkararlyk binýadyny esaslandyrmak hakdaky belent arzuwlaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasyl etdi. Gahryman Arkadagymyz döwletimiziň berk binýatly bolmagynyň esasynda halkyň agzybirliginiň durýandygyny her bir çykyşynda beýan edýär.
Häzirki bagtyýar döwrümizde halkymyz eziz Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzyň agzybirlik hakdaky arzuwlaryny belent şygryýetiň üsti bilen äleme ýaýan akyldar şahyrymyza belent sarpa goýýar. Her ýylda sahawatly türkmen topragyna gül-pürçüge beslenip, maý aýynyň gelmegi bilen ilimiz bir supranyň başynda jem bolup Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi dabara bilen belläp geçýär. Munuň özi bagtyýarlygyň, synmaz döwletliligiň nyşanydyr.
Şonuň üçin bütin ilimiziň Gahryman Arkadagymyza bolan ymgyr söýgüsi, asuda, parahat Watanymyza bolan buýsanjy, beýik akyldar şahyrymyza bolan hormat-sarpasy çäksizdir. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: “Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr”.
Belent mertebeli pähimdar halkymyzyň asudalykda, jebislikde çekýän döredijilikli zähmeti Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda bu gün Berkarar döwletimizi dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykardy. Bu ajaýyp ýagdaý beýik akyldarymyzyň süýji arzuwlarynyň bagtyýar zamanamyzda amala aşandygynyň güwäsidir!
Gülnar AMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.