11-nji ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da­ky Güm­rük ko­mi­te­ti­niň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gö­ni wi­deo ara­gat­na­şyk ar­ka­ly iş du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Bu ba­ra­da ýur­du­my­zyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy­nyň res­mi web-saý­tyn­da ha­bar be­ril­ýär.
Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Fa­rap aw­to­ýol gö­zeg­çi­lik-ge­çi­riş ýe­rin­dä­ki «Fa­rap aw­to­ýol­la­ry» hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bu­ha­ra we­la­ýa­ty­nyň «Alat» güm­rük no­kat­la­ry­nyň işi­ni öza­ra saz­la­şyk­ly gu­ra­mak bo­ýun­ça me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin Gul­luk­la­ryň de­giş­li hü­när­men­le­ri du­şu­şy­ga gat­naş­dy­lar. Kär­deş­ler iki döw­le­tiň ulag üs­ta­şyr ýük ge­çi­ri­ji­li­gin­de bu ser­het ge­çel­gä­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, güm­rük no­kat­la­ryň dur­ku­ny tä­ze­le­mek, bu ýer­den ge­çi­ril­ýän ulag se­riş­de­le­ri­niň sa­ny­ny kö­pelt­mek üçin müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi ba­ra­da nyg­ta­dy­lar.
Şeý­le-de, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň beý­le­ki ugur­la­ry hem goz­gal­dy. Ta­rap­lar öza­ra hyz­mat­daş­ly­gyň soň­ky wagt­da has-da ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da, türk­men ta­ra­py ýük ge­çi­ri­ji­lik kuw­wa­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, «Fa­rap aw­to­ýol­la­ry» güm­rük no­ka­dy­nyň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri­ne gi­ri­şi­len­di­gi­ni ha­bar ber­di, mu­nuň özi güm­rük no­ka­dy­nyň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­nyň gün­de 1000 aw­tou­lag se­riş­de­si­ni goý­ber­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.