UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finala çykan 8 klubuň 5-si ussat tälimçi, italiýaly hünärmen Karlo Ançelottiniň türgenleşdiren toparlarydyr. Häzirki wagtda “Real Madridiň” tälimçisi bolan 63 ýaşyndaky tälimçi 8 çärýek finalçydan “Milan”, “Çelsi”, “Bawariýa” hem-de “Napoli” klublaryna tälim beripdi. 2001-2009-njy ýyllar aralygynda “Milana” 2 Çempionlar Ligasy kubogyny gazandyran ökde hünärmen 2009-2011-nji ýyllarda “Çelsiniň” tälimçisi boldy. 2013-2015-nji ýyllarda “Real Madridde” işlän Ançelotti ispan klubuna 12 ýyldan soň 10-njy Çempionlar Ligasy Kubogyny gazandyrypdy. “Real Madridden” soň nobatdaky duralgasy “Bawariýa” bolan Ançelotti nemes klubunda 1 möwsüm işledi. 2018-nji ýylyň maýyndan 2019-njy ýylyň dekabryna çenli “Napoli” toparyna-da tälim beren Ançelotti 2021-nji ýylyň iýunyndan bäri “Real Madride” tälimçilik edýär. Çempionlar Ligasynyň kubogyny iň köp gazanan tälimçisi – Karlo Ançelotti şu möwsümde-de çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden hasaplanýar.
Çärýek finalda ozalky klublaryndan “Çelsi” bilen bije çekişen Ançelotti öňki şägirdiniň – Frank Lampardyň toparyny 1-nji oýunda 2-0 ýeňdi. “Real Madrid” ýarym finala çykan ýagdaýynda Ançelottiniň ozalky klublaryndan “Bawariýa” bolen duşuşmak mümkinçiligi az hem bolsa bar. “Real Madrid” ýarym finaly üstünlikli geçen ýagdaýynda, onda oňa finalda ýene-de öňki klublarynyň biriniň “Milanyň” ýa-da “Napoliniň” garşydaş bolmagy-da mümkin.