26-njy aprelde Tokio wagty bilen 01:40-da HAKUTO-R ýapon modulyny Aýa gondurmak meýilleşdirilýär. Bu barada moduly işläp düzen “Ispace” kompaniýasynyň saýtynda habar berilýär.
Bu iş prosesi bir sagada golaý dowam eder diýlip garaşylýar. Gonuş şertleri üýtgän ýagdaýynda degişli amallary ýerine ýetirmegiň senesi 1-nji maýa ýa-da 3-nji maýa çenli yza süýşürilip bilner.
HAKUTO-R Aýyň üstüne gonjak ilkinji ýapon kosmos enjamydyr. Bu gonuş moduly Birleşen Arap Emirlikleriniň “Rashid” lunohodyny we beýleki birnäçe ýükleri eltip bermek üçin niýetlenendir.