ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­den in­di­ki ýyl ikin­ji möh­le­te da­laş et­mek­çi. Ol bu ba­ra­da Ir­lan­di­ýa sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de aýt­dy. As­ly Ir­lan­di­ýa­dan bo­lan Ak Ta­myň Baş­ly­gy bir­nä­çe gün Ir­lan­di­ýa­nyň dür­li se­bit­le­ri­ne aý­la­nyp gör­di.
-Ir­lan­di­ýa bi­len Ame­ri­ka­ny bir­leş­dir­ýän äh­li zat­la­ryň, şol san­da, ta­ry­hy­my­zyň, mi­ra­sy­my­zyň, gy­nanç­la­ry­my­zyň, gel­je­gi­mi­ziň, dost­lu­gy­my­zyň, şat­lyk­la­ry­my­zyň çuň­ňur kök­le­ri bar. Em­ma hem­me zat­dan ozal, bi­ziň halk­la­ry­my­zyň ýü­re­gi­ne ra­hat­lyk ge­tir­ýän zat – umyt bar – di­ýip ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­den aýt­dy.
Baý­de­niň ata-ba­ba­la­ry XIX asy­ryň or­ta­la­ryn­da ABŞ-a gö­çüp ba­ryp­dyr­lar. Pre­zi­den­tiň Me­ýo et­ra­byn­da eden çy­ky­şy­ny diň­le­mek üçin 27 müň adam ýyg­nan­dy.
Baý­den “Joş­gun­ly an­na” şert­na­ma­sy­nyň 25 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mek mak­sa­dy bi­len De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa bar­dy we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa we Ir­lan­di­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şuş­dy.