Gaýybana syýahat

Sy­ýa­hat­çy­lyk ba­bat­da ösen şä­her­le­riň bi­ri bo­lan Lon­don dün­ýä­de gy­zyl te­le­fon ka­bi­na­sy, iki gat­ly aw­to­bus­lary, Ben sa­gat di­ňi bi­len meş­hur­dyr. Şä­he­re meş­hur­lyk ge­ti­ren ny­şan­la­ry­ň bi­ri hem To­wer köp­rü­si bo­lup, bu köp­ri Tem­za der­ýa­sy­nyň gün­do­gar aky­myn­da ýer­leş­ýär. «Lon­don köp­rü­si», «Mi­na­ra köp­rü­si» at­la­ry bi­len hem ta­nal­ýan To­wer 1894-nji ýyl­da açyl­ýar. Köp­ri­niň açyl­ma­gy bi­len py­ýa­da­la­ra we aw­tou­lag­la­ra Tem­za der­ýa­sy­nyň üs­tün­den geç­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­ýär. Gur­lu­şy­gy 8 ýyl do­wam eden Tower köp­rü­si­niň uzyn­ly­gy 283 metr bo­lup, sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň köp su­ra­ta düş­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.
1800-nji ýyl­lar­da Lon­don­da köp­rü­le­riň sa­ny ar­typ baş­la­ýar. Şeý­le­lik­de, 1877-nji ýyl­da köp­rü­le­riň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça iş eda­ra­sy dö­re­di­lip, 50-den gow­rak ar­hi­tek­tor we in­že­ner ka­bul edil­ýär. 1884-nji ýyl­da iň­lis ar­hi­tek­to­ry Ho­ras Jon­suň hö­dür­län tas­la­ma­sy esa­syn­da 1886-njy ýyl­da To­wer köp­rü­si­niň gur­lu­şyk iş­le­rine baş­lan­ýar. Iki sa­ny uly diň­den (mi­na­ra) yba­rat köp­ri­niň gur­lu­şyk iş­le­ri 1894-nji ýylda ta­mam­lan­ýar. To­wer köp­rü­si­niň gur­lu­şy­gyn­da 12 müň ton­na po­lat, 1200 ton­na de­mir ula­ny­lyp, port­land da­şy we kor­niş gra­ni­ti bi­len be­zel­ýär. Der­ýa­da­ky gä­mi gat­na­wy­na päs­gel ber­mez­lik mak­sa­dy bi­len, To­wer köp­rü­si açy­lyp-ýa­pyl­ýan (leň­ňer) gör­nüş­de gu­rul­ýar. 61 metr ara­lyk­da deň ikä açy­lyp-ýa­pyl­ýan köp­ri, iki mi­na­ra­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýär. Leň­ňer köp­ri­ni he­re­ke­te ge­tir­mek üçin elekt­ro­gid­raw­lik ul­gam ula­nyl­ýar. Her­si­niň ag­ra­my müň ton­na­dan gow­rak bo­lan leň­ňer­ler 5 mi­nu­tyň do­wa­myn­da 86 de­re­jä çen­li ýo­ka­ry gö­te­ril­ýär. Köp­rü­de iki sa­ny döw­re­bap do­lan­dy­ryş ka­bi­na­sy bo­lup, ola­ryň bi­rin­ji­si gün­do­gar­da, ikin­ji­si gün­ba­tar ta­rap­da ýer­leş­ýär. Gä­mi gat­na­wy­nyň ug­ru­na bag­ly­lyk­da, ka­bi­na­da­ky gö­zeg­çi köp­ri­ni açyp ýap­ýar.
To­wer köp­rü­si Lon­don şä­he­ri­niň iki ta­ra­py­ny bir­leş­dir­ýän iň esa­sy ýol­la­ryň bi­ri bo­lup, aw­tou­lag ýo­ly bi­len bir ha­tar­da, py­ýa­da­lar üçin iki­ta­rap­la­ýyn ýo­da hem bar. Şeý­le hem ýo­kar­da ekiz diň­le­ri bir­leş­dir­ýän, da­şy me­tal bi­len ör­tü­len iki ugur­ly aý­na ge­çel­ge­ler bo­lup, sy­ýa­hat­çy­lar lift ar­ka­ly ýo­ka­ry ga­lyp, bu ýer­den şä­he­ri syn­lap bil­ýär­ler. Be­ýik­li­gi 65 metr bo­lan To­wer köp­rü­sin­de dynç alyn­ýan bi­na­lar, şeý­le hem ba­lyk we çip­si taý­ýar­la­nyl­ýan res­to­ran­lar bar. Mi­na­ra­la­ryň aşa­ky bö­le­gin­de ser­gi zal­la­ry bo­lup, bu ýer­de köp­ri­niň gur­lu­şy­gy ha­kyn­da­ky film­ler we su­rat­lar gör­ke­zil­ýär. Açy­lyp-ýa­pyl­ýan köp­rü­den her gün 40 müň­den gow­rak adam geç­ýär. Şä­her kor­po­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 8 ton­na­dan az ag­ram­ly aw­tou­lag­la­ra sa­gat­da 32 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket et­mek esa­syn­da köp­rü­den geç­mä­ge rug­sat be­ril­ýär.