ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden aýdymçy we aktrisa Ledi Gagany medeniýet we sungat boýunça Prezident komitetiniň egindeş başlygy wezipesine belledi. Bu barada amerikan lideriniň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradylan beýanatda mälim edilýär.
Resminamada Ledi Gaganyň “Grammy” baýragynyň eýesidigi we taryhda iň üstünlikli ýerine ýetirijileriň biridigi bellenilýär. Mundan öň “Time” žurnaly ony dünýäniň iň abraýly 100 adamynyň hataryna goşdy. Bellenilişi ýaly, aýdymçy haýyr-sahawat işlerine we käbir jemgyýetçilik kampaniýalaryna-da işjeň gatnaşýar.
1982-nji ýylda esaslandyrylan komitet ABŞ-nyň prezidentine we amerikan edaralarynyň ýolbaşçylaryna medeniýet babatda syýasy meseleler boýunça maslahat berýär. Onuň ýene bir egindeş başlygy hökmünde Baýden prodýuser Brýus Koeni belledi.
Ledi Gaga Baýdeniň saýlawdan öňki kampaniýasynyň çäklerinde geçirilen çärelerde ençeme gezek çykyş edip, ony goldamakda agitasiýa işlerine işjeň gatnaşdy. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ol Baýdeniň kasam kabul ediş dabarasynda ABŞ-nyň döwlet senasyny ýerine ýetirdi.