Äý­nek ha­pa­la­nan­da ýa-da teg­mil dü­şen­de ta­la­ba­la­ýyk aras­sa­lan­ma­sa, onuň aý­na­sy­na ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Bu bol­sa gö­züň gö­r­şü­ne gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýär. Eý­sem, komp­ýu­te­riň we te­le­fon­la­ryň ula­ny­ly­şy­nyň art­ma­gy bi­len has köp ada­myň da­ky­nyp baş­lan äý­nek­le­ri­ni nä­hi­li aras­sa­la­ma­ly? ABŞ-nyň “The New York Ti­mes” ne­şi­ri Ame­ri­kan Op­to­met­ri­ýa jem­gy­ýe­ti­niň we op­tik­le­riň mas­la­hat­la­ry­ny jem­läp­dir. Bu peý­da­ly mas­la­hat­la­ry dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris:
Pag­ta­ly çöp­ler
Yzy­gi­der­li aras­sa­la­ýan hem bol­sa­ňyz, äý­ne­giň gy­ra­la­ryn­da, aý­na­nyň çar­çu­wa bir­leş­ýän ýe­rin­de wag­tyň geç­me­gi bi­len ha­pa ga­lyn­dy­la­ry bo­lup bil­ýär. Ujy pag­ta­ly çöp­ja­gaz­lar aý­na we çar­çu­wa ze­per ýe­tir­mez­den bu ha­pa­la­ry aras­sa­la­ma­gy müm­kin­çi­lik be­rer.

Ýy­ly suw
Äý­ne­giň aý­na­sy­ny di­ňe suw ýa-da mik­ro­sü­ýüm es­gi­ler bi­len aras­sa­la­mak­dan ga­ça du­ruň. Se­bä­bi bu ýag­daý­da äý­nek­dä­ki ha­pa­ny ýa-da teg­mi­li aýyr­ma­ýar, di­ňe ýaý­rad­ýar. Äý­ne­gi gyz­gyn ýa-da ýy­ly su­wuň aşa­gyn­da 15 mi­nut tut­mak has go­wy aras­sa­la­ma­ga ýar­dam eder.
Gap-gaç ýu­wu­jy se­riş­de
Ha­pa äý­nek­le­ri su­wa tu­tan­dan soň­ra her bir aý­na­nyň iki ta­ra­pyn­da gap-gaç ýu­wu­jy se­riş­de­den dam­dy­ryň. Soň­ra ony bar­ma­gy­ňyz bi­len ça­la­ja ow­ka­laň! Ýö­ne köp se­riş­de ulan­mak­dan ga­ça dur­ma­ly. Se­bä­bi, şeý­le ýag­daý­da lin­za­nyň ör­tü­gi­ne ze­per ýet­me­gi müm­kin. Mun­dan baş­ga-da ula­nyl­ýan aras­sa­çy­lyk se­riş­de­si­niň dü­zü­min­de ma­te­ria­ly iýi­ji mad­da­la­ryň ýok­du­gy­na hem göz ýe­tir­me­li. Se­bä­bi bu go­şun­dy­lar äý­ne­giň aý­na­sy­na ze­per ýe­ti­rip bi­ler.
Aras­sa mik­ro­sü­ýüm es­gi
Gury ýa-da çygly, tapawudy ýok, bir ge­zek­lik ka­gyz süpürgiçleri ýa-da köý­nek­çä­ňi­zi äý­nek aras­sa­la­mak üçin ulan­maň. Ýum­şak ma­ta­dan edi­len hem bol­sa, köý­nek­çe­ler ýa-da es­gi­ler wag­tyň geç­me­gi bi­len äý­ne­giň aý­na­sy­na ze­per ýe­tir­ýär. Äý­ne­gi aras­sa­la­mak we gu­rat­mak üçin ýö­ri­te ni­ýet­le­nen mik­ro­sü­ýüm es­gi­ler­den go­wu­sy ýok. Şeý­le-de bol­sa, bu es­gi­le­ri hem aras­sa sak­la­ma­ly. Edil ada­ty el­ýag­lyk­lar ýa­ly äý­ne­gi­ňi­zi aras­sa­la­ýan mik­ro­sü­ýüm es­gi­le­ri hem ma­hal-ma­hal ýu­wup dur­ma­ly.

Ga­byn­da sak­laň!
Äý­ne­gi ula­nyl­ma­ýan wag­ty ýö­ri­te ga­by­na sa­lyp goý­ma­gy en­dik edi­niň! Şeý­le­lik­de, äý­nek­ler to­zan bas­mak­dan, haý­sy­dyr bir za­da de­gip, çy­zyl­mak­dan hem go­ra­lar. Bu bol­sa has uzak ulan­ma­gy­ňy­za müm­kin­çi­lik be­rer. Äý­ne­gi sa­tyn ala­ny­ňyz­da onuň ýa­ny bi­len ber­len ga­by­ny ha­la­ma­ýan bol­sa­ňyz, op­ti­ka­lar­da dür­li gör­nüş­li äý­nek gap­la­ry­nyň hem bar­dy­gy­ny unut­maň! Eger-de ýa­ny­ňyz­da äý­nek ga­by ýok ol­sa, si­zem ony bir ýer­de çy­ka­ryp goý­ma­ly bol­sa­ňyz, on­da onuň aý­na­sy­ny ýo­ka­ry bar­dy­ryp go­ýuň! Bar bol­sa, mik­ro­sü­ýüm es­gä orap go­ýuň!
Aras­sa­laý­jy er­gin­ler
Äý­nek aras­sa­la­ma­ga ni­ýet­le­nen ýö­ri­te er­gin­ler hem bar. Em­ma ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da ýy­ly suw bi­len gap-gaç ýu­wu­jy se­riş­dä­niň has go­wy ne­ti­je ber­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Ame­ri­kan Of­tal­mo­log­lar jem­gy­ýe­ti äý­ne­gi gap-gaç ýu­wu­jy se­riş­de bi­len aras­sa­la­ma­gy mas­la­hat ber­ýär. Em­ma çem ge­len aras­sa­çy­lyk se­riş­de­si­ni ulan­ma­gyň ga­ra­şyl­ma­dyk ne­ti­je ber­jek­di­gi­ni hem unut­maň. Uzak ýo­la gi­di­len­de, äý­nek aras­sa­la­ma­gy ni­ýet­le­nen er­gi­ni ýa­nyň bi­len alyp git­se hem bo­lar.
Nä­çe wagt ge­rek?
Äý­ne­gi düýp­li aras­sa­la­mak 10 mi­nut­dan hem az wagt al­ýar. Ada­ty gün­de­lik aras­sa­çy­lyk üçin bäş mi­nut­dan az wagt ýe­ter­lik. El-ýü­zü­ňi­zi ýu­wan wag­ty­ňyz­da äý­ne­gi­ňi­zi hem ýuw­ma­gy en­dik edin­se­ňiz, 1-2 mi­nut ýe­ter­lik bolar.