Dünýäde maşynda çap edilen ilkinji kitap hasaplanýan, koreýçe ýazylan “Jikji” atly eser 50 ýyldan soňra Parižde sergä goýuldy. 1377-nji ýylda Korýo dinastiýasy döwründe mehaniki çap usuly arkaly taýýarlanan bu kitapda budizmiň taglymatlary bar.
Bu kitap çap enjamynyň oýlap tapyjysy hasaplanýan Iogan Gutenbergiň Germaniýada çap eden ilkinji kitaby bolan “42 setirli Mukaddes kitapdan” 78 ýyl ozal Hungdeok ybadathanasynda ýaýradylýar.
Myhmanlar Fransiýanyň Milli kitaphanasynda görkezilýän taryhy eseri iýul aýyna çenli görüp bilerler. Kitabyň çap edilen maşynynyň hiç bir nusgasy häzirki wagtda çenli gelip ýetmändir.
Bu kitap Fransiýanyň Koreýadaky ilçisi Wiktor Kollin tarapyndan 1887 ýylda getirilipdir. Gadymy resminamalary ýygnaýan kolleksiýaçy bolan diplomat bu kitaby 1911-nji ýylda 181 franka satypdyr. Bu pul häzirki hasap bilen 60 müň ýewro barabar bolýar.
Kitap 1950-nji ýylda Milli kitaphana berlipdir.