Ýaş nes­liň kö­pü­si kas­se­ta­da aý­dym diň­läp gör­me­dik bol­sa ge­rek. Aý­dym-saz diň­le­me­giň dür­li usul­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny ga­ra­maz­dan, has ir­ki usul­lar gaý­ta­dan ýör­gün­li bol­ýar. Ang­li­ýa­da kas­se­ta sa­tu­wy­nyň soň­ky 20 ýy­lyň iň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne çy­kan­dy­gy mä­lim edil­di. Aý­dym-sa­za hor­mat goý­ýan­lar soň­ky ýyl­lar­da öň­ki usul­lar­dan peý­da­la­nyp baş­la­dy­lar.
Ang­li­ýa­nyň Fo­nog­ra­fik ins­ti­tu­ty­nyň (BPI) ýaý­ra­dan mag­lu­ma­tyn­da kas­se­ta sa­tu­wy­nyň art­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä Ang­li­ýa­da ge­çen ýyl 195 müň kas­se­ta sa­ty­lyp­dyr. Bu gör­ke­zi­ji ozal­ky ýyl­da­ky­dan 5,2 gö­te­rim köp diý­me­gi aň­lad­ýar.
Ins­ti­tu­tyň ýaý­ra­dan mag­lu­ma­tyn­da “Arctic Mon­ke­ys”-iň “The Car” at­ly al­bo­my iň köp sa­ty­lan kas­se­ta bo­lup­dyr. “Har­ry Sty­les”-iň “Har­ry’s Hou­se” al­bo­my ikin­ji, “Flo­rence and the Machi­ne”-iň “Dance Fever” al­bo­my üçün­ji bo­lup­dyr.
1960-njy ýyl­lar­da peý­da bo­lan we uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da öý­de, ulag­da we hat­da ýa­nyň­da gö­te­rip bo­lan en­jam­lar ar­ka­ly aý­dym-saz diň­le­mä­ge müm­kin­çi­lik be­ren kas­se­ta­lar 2000-nji ýyl­la­ryň ba­şyn­da ula­nyş­dan ga­lyp baş­la­dy.