Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan ýüpekçiligi ösdürmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine saldamly goşant goşmagy maksat edinýän ýurdumyzyň pileçileri ýüpek gurçugyny idetmek işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2023-nji ýylda 2300 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy. Şonuň esasynda, şu ýyl pile öndürijiler bu wezipäni artygy bilen ýerine ýetirmegi maksat edinýärler.
Häzirki wagtda ýylyň ýylyna ýurdumyzda pile öndürmegiň möçberini artdyrmak ugrunda tagalla edilýär. Geçen ýyl ýurdumyzda 2100 tonna pile taýýarlanan bolsa, bu ýyl ýurdumyzda 2300 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.
Dokma senagaty pudagynda, şol sanda ýüpekçilik pudagynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde asyrlar aşyp gelýän milli daýhançylyk däpleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylýar. Şunlukda, obasenagat toplumyna ylmyň täze gazananlarynyň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagatyny ösdürmekde ýüpek önümçiligi aýratyn orna mynasypdyr. Häzirki wagtda ýüpekçilik pudagynyň önümçilik binýady dolulygyna täzelendi, keteni öndürmegiň gadymy sungaty gaýtadan dikeldildi. Türkmen ýüpeginden ýurdumyzda panbarhatyň hem täze görnüşleri çykarylyp başlandy.
Ýüpek önümçiligi täze talaplara laýyklykda guraldy. Aşgabadyň ýüpek fabrigi we Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşigi öndürilýän ýüpegi gaýtadan işleýän esasy kärhanalar bolmak bilen, doly döwrebap ýagdaýa getirildi hem-de häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu kärhanalarda ýüpek halylaryny, milli keteni matalaryny we beýleki önümleri taýýarlamak üçin täze önümhanalar açyldy. Zenanlarymyzyň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýan panbarhat matalaryny öndürýän Aşgabadyň panbarhat fabrigi häzir ýüpek süýümi bilen bökdençsiz üpjün edilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba ýerlerinde ýüpekçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýörite nahalhanalarda we birnäçe daýhan birleşiklerinde ýüpek gurçuklarynyň iýmit gory bolan tut agaçlarynyň her ýylda müňlerçe düýp nahaly ösdürilip ýetişdirilýär. Bu bolsa ýüpek gurçuklary üçin esasy iýmit bolan tut ýapraklarynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Tut nahallarynyň ekin meýdanlarynyň töwereginde oturdylmagy gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini gyzgyn epgekden goramaga, suwaryş akabalarynyň kenarlaryny berkitmäge, daşky gurşawyň ekologiýa abadançylygyny döretmäge hem ýardam edýär. Munuň özi ýüpekçiligi pagtaçylyk bilen utgaşdyrmaga, şol bir ýerden goşmaça önüm we girdeji almaga mümkinçilik berýär.
Ejebaý KULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.