Ni­der­land­lar­da­ky dün­ýä­niň iň uly çi­gil­dem­li se­ýil­gäh­le­rin­den bi­ri bo­lan Kýo­ken­hof 74-nji ge­zek myh­man­la­ra ga­py­la­ry­ny aç­dy. Çi­gil­dem eki­len bu se­ýil­gäh dün­ýä­niň iň owa­dan ba­har se­ýil­gä­hi ha­sap­lan­ýar. Kýo­ken­hof ýyl­da iki aý açyk bol­ýar. Bu çi­gil­dem­le­riň çalt gu­ra­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bu dö­wür­de mil­li­on­dan gow­rak adam oňa ba­ryp gör­ýär. Çi­gil­dem­le­riň gül­le­me­gi, esa­san, ba­ha­ryň ir gel­me­gi­ne bag­ly­dyr.
Kýo­ken­hof se­ýil­gä­hin­de ap­rel aýy­nyň ahy­ryn­da çi­gil­dem­ler do­ly gül­le­ýär. Se­ýil­gäh 23-nji mart­dan 14-nji ma­ýa çen­li açyk bol­ýar. 32 gek­tar se­ýil­gäh­de öz möw­sü­min­de 7 mil­li­on çi­gil­dem, ner­kes, gia­sint, zag­py­ran we beý­le­ki gül­ler gül­le­ýär.
Bu ýyl bag­ban­lar ta­ra­pyn­dan 1600-den gow­rak gül, esa­san hem, çi­gil­dem ekil­di. 7 müň­den gow­rak ösüm­lik to­hu­my eki­len se­ýil­gäh­de 15 ki­lo­metr­lik py­ýa­da ýo­da­sy bar. Bu se­ýil­gäh dün­ýä­de iň köp su­ra­ta dü­şü­ril­ýän ýer­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­de dür­li ser­gi­ler we şou­lar hem gur­nal­ýar. Kýo­ken­hof se­ýil­gä­hi­niň mü­di­ri­ýe­ti­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, bu ýe­re gel­ýän­le­riň 80 gö­te­ri­mi da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar­dyr.