Angliýa, Germaniýa, Fransiýa, Niderlandlar, Belgiýa, Daniýa, Irlandiýa, Norwegiýa, Lýuksemburg döwletleriniň ýolbaşçylary we energiýa ministrleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasynyň ýolbaşçylary Belgiýanyň Ostende şäherinde geçirilen Demirgazyk deňiz sammitine gatnaşdylar. Bu sammit suwüsti ýel energiýa maýa goýumlaryny we infrastrukturasyny artdyrmak maksady bilen geçirilýär.
Sammitiň çäklerinde Ýewropa ýurtlary Demirgazyk deňzini suwüsti energiýa önümçilik merkezine öwürmek üçin jarnama gol çekdiler. Germaniýa, Fransiýa, Angliýa we Niderlandlar ýaly Ýewropanyň 9 ýurdy 2030-njy ýyla çenli 130 gigawat, 2050-nji ýyla çenli 300 gigawat suwüsti ýel beketleriniň gurulmagyny we infrastrukturasynyň howpsuzlygyny artdyrmagy maksat edinýär.
Halkara Energiýa Agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol sammitde eden çykyşynda Demirgazyk deňzinde suwüsti ýel energiýa mümkinçilikleriniň örän ýokarydygyny, bu ýerde Ýewropanyň häzirki wagtda sarp edýän elektrik energiýasynyň alty essesini öndürip boljakdygyny aýtdy.
Belgiýanyň hökümet başlygy Aleksandr De Kro sammitiň Demirgazyk deňzini dünýäniň iň uly «ýaşyl» energiýa bekedine öwürmekde uly ähmiýete eýedigini belledi. De Kro sammitde bellenen maksatnama ýetilen ýagdaýynda, Ýewropadaky 300 million öýüň elektrik energiýasynyň Demirgazyk deňzinden alynjakdygyny, şeýlelikde, has «ýaşyl», energiýa babatda garaşsyz, iş orunlaryny döretmegi dowam etdirýän, agyr senagat işlerini Ýewropada saklap bilýän, durnukly ösýän Ýewropanyň döredilmeginiň maksat edinilýändigini aýtdy.
De Kro häzirki wagtda her ýylda 7 gigawatlyk suwüsti ýel energiýa bekedini gurmaga mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, bu maksada ýetmek üçin bu görkezijiniň 20 gigawat bolmalydygyna ünsi çekdi. Bu maksada bolsa, diňe hususy pudaga goldaw bermek arkaly ýetip boljakdygyny aýtdy.
Günden we ýelden alynýan energiýa gazdan öňe geçdi
Ýewropa Bileleşiginiň Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen geçen ýyl Ýewropa Bileleşiginiň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden elektrik energiýasynyň önümçiliginiň artandygyny, ilkinji gezek gaz bilen deňeşdirilende, Gün we ýel beketlerinden has köp elektrik energiýasynyň öndürilendigini aýtdy. Ol gaýtadan dikeldilýän energiýa uly maýa goýum goýandyklaryny belläp, hem ykdysadyýeti ösdürmegi, hem-de ýyladyşhana gazlaryň howa goýberilişini azaltmagy başarandyklaryny belledi.
Fon der Lýaýen ýylyň dowamynda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiliginde uly artyşyň hasaba alnandygyny, goşmaça energiýa önümçiligini iki esse artdyrandyklaryny aýtdy. Komissiýasynyň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň gaýtadan dikeldilýän energiýa üçin 2030-njy ýyla çenli maksatnamasynyň 32 göterimden 42 göterime çykarylandygyny habar berdi.