Nor­we­gi­ýa­nyň gym­ma­ty 1,4 tril­li­on dol­lar­lyk döw­let üp­jün­çi­lik gaz­na­sy dün­ýä­de paý­na­ma­la­ryň ba­ha­sy­nyň gym­mat­la­ma­gy bi­len şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de 5,9 gö­te­rim­lik ma­ýa go­ýum gir­de­ji­sini ga­za­nyp­dyr. Bu bol­sa, 893 mil­liard nor­weg kro­nu (83,89 mil­liard dol­lar) diý­me­gi aň­lad­ýar. Gu­ra­ma­nyň do­lan­dy­ry­jy­lar ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Trond Gran­de paý­na­ma­la­ryň ba­ha­sy­nyň gym­mat­la­ma­gy­nyň, esa­san, teh­no­lo­gi­ýa we sarp edi­ji­le­re de­giş­li pu­dak­la­ryň tä­si­ri­niň bo­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär.
Nor­we­gi­ýa­nyň döw­let üp­jün­çi­lik gaz­na­sy 1990-njy ýyl­dan bä­ri ýur­duň ne­bit-gaz pu­da­gyn­dan alyn­ýan gir­de­ji bi­len da­şa­ry ýurt­la­ryň paý­na­ma­la­ry­na, gym­mat­ly ka­gyz­la­ry­na, em­läk pu­da­gy­na ma­ýa go­ýum goý­ýar.
5 mil­li­on tö­we­re­gi ila­ty bo­lan ýur­duň hö­kü­me­ti bu gaz­na­nyň gir­de­ji­le­ri­niň ujyp­syz bö­le­gi­ni sarp edip, ga­lan bö­le­gi­ni gel­jek ne­sil­ler üçin süý­şür­ýär.
Dün­ýä bir­ža­la­ryn­da­ky paý­na­ma­la­ryň 1,3 gö­te­ri­mi bu gaz­na de­giş­li. Soň­ky ýyl­lar­da gaz­na gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa tas­la­ma­la­ry­na ma­ýa go­ýum goý­ýar.
Gaz­na­nyň ba­zar ba­ha­sy ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da­ky ýag­da­ýa gö­rä, 12 tril­li­on 429 mil­liard nor­weg kro­nu (1 tril­li­on 240 mil­liard dol­lar) bo­lup­dyr. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da bol­sa, bu gör­ke­zi­ji 1,4 tril­li­on dol­lar­dan geç­di.