Ýaponiýada ilatyň ortaça ýaşynyň artmagy we ilat sanynyň azalmagy bilen baglylykda käbir ugurlarda işçi ýetmezçiligi ýüze çykyp başlady. Ýurtda bu meseläni aradan aýyrmak üçin käbir pudaklarda ýokary hünärli işçilere berilýän wizanyň görnüşiniň çägini giňeltmegi maksat edinýär. Täze maksatnama görä, ýurtda uzak wagt ýaşamak we işçileriň maşgalalaryny ýany bilen getirmekleri üçin berilýän wizadaky ugurlaryň sany üçden on ikä ýetiriler. Ýaponiýanyň saglyk we zähmet ministrliginiň wekiliniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu meselä garalýar. Şeýle düzgüniň iýun aýynda güýje girizilmegine garaşylýar. Ýaponiýada, esasan, Wýetnam, Indoneziýa we Filippinler ýaly Aziýa ýurtlarynyň ýokary hünärli işçileri zähmet çekýär.
2019-njy ýylda güýje giren kanuna görä, oba hojalygy, gurluşyk ýaly jemi 14 ugurdaky hünärmenler “ýörite hünärli işçi” hasap edilýär. Emma gurluşyk we gämigurluşyk pudagyndan başga ugurlarda işleýän işgärler üçin berilýän wizanyň möhleti bäş ýyl bilen çäklendirilýär we olaryň maşgalalaryny getirmeklerine rugsat berilmeýär.
Täze maksatnama görä, oba hojalygy, balykçylyk, azyk önümçiligi we jemgyýetçilik iýmiti ýaly ugurlaryň hem goşulmagy göz öňünde tutulýar.