Pa­rag­waý­da ge­çi­ri­len Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da do­lan­dy­ry­jy “Ko­lo­ra­do” par­ti­ýa­sy­nyň da­laş­gä­ri Sant­ýa­go Pen­ýa ýe­ňi ga­zan­dy. 30-njy ap­rel­de ýur­duň saý­law ka­zy­ýe­ti­niň web sa­hy­pa­syn­da mä­lim edi­len ne­ti­je­ler mu­ny do­ly su­but ed­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, saý­law­çy­la­ryň 43,98%-i Pen­ýa, 27,7%-i esa­sy bäs­de­şi Ef­ra­in Aleg­re ses ber­di. Üçün­ji orun­da 21,63% ses bi­len Pa­rag­wa­ýo Ku­bas bar.
Pa­rag­waý­da Pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­mak üçin da­laş­gär­ler ses­le­riň köp­lü­gi­ni ga­zan­ma­ly. Saý­law­lar­dan öň­ki kam­pa­ni­ýa­nyň çä­gin­de ozal­ky Pre­zi­dent Ho­ra­sio Kar­te­siň hö­kü­me­tin­de ma­li­ýe mi­nist­ri bo­lup iş­län 44 ýaş­ly Sant­ýa­go Pen­ýa je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy çä­re­le­ri güýç­len­dir­jek­di­gi­ni we 500 müň tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ni aýt­dy. Şeý­le-de onuň esa­sy wa­da­la­ry­nyň ara­syn­da, ýan­gy­jyň we ga­zyň ba­ha­sy­nyň ar­zan­la­dyl­ma­gy, mugt ça­ga­lar bag­la­ry we ra­ýat­la­ra ýa­şa­ýyş jaý üp­jün­çi­li­gi mak­sat­na­ma­la­ry bar. Ol özü­niň iş kar­ýe­ra­syn­da Pa­rag­wa­ýyň Mer­ke­zi ban­kyn­da we Hal­ka­ra pul gaz­na­syn­da iş­le­di. Pen­ýa 15-nji aw­gust­da we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer.
Ar­gen­ti­na­nyň Pre­zi­den­ti Al­ber­to Fer­nan­des we Bra­zi­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Lu­is Ina­siu Lu­la da Sil­wa saý­law­da­ky ýeň­şi bi­len Sant­ýa­go Pen­ýa­ny gut­lap, oňa tä­ze we­zi­pe­sin­de üs­tün­lik ar­zuw et­di­ler.