Kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “Odisseýa” filmi şu günden başlap tutuş dünýäde prokatlara ýaýradylar. Petekleri 1 ýyl öň satylyp başlanan filmi dünýä belli oskarly režissýor Kristofer Nolan surata düşürdi. Nolan şu wagta çenli “Yzarlaýyş” (Following, 1998), “Ýatlama” (Memento, 2000), “Ukusyzlyk” (Insomnia, 2002), “Betmen başlaýar” (Batman Begins, 2005), “Prestiž” (The Prestige, 2006), “Gara rysar” (The Dark Knight, 2008), “Başlangyç” (Inception, 2010), “Gara rysar beýgelýär” (The Dark Knight Rises, 2012), “Ýyldyzlar arasy” (Interstellar, 2014), “Dýunkerk” (Dunkirk, 2017), “Tenet” (Tenet, 2020), “Oppenhaýmer” (Oppenheimer, 2023) filmlerini surata düşüripdi. Ol “Oppenhaýmer” filmi bilen iň gowy režissýor baýragyny gazanypdy.

250 million dollar býujeti bolan ekran eserine režissýoryň özi hem-de ýanýoldaşy Emma Tomas bilelikde prodýuserlik edýär. Filmiň ssenarisini režissýoryň özi Gomeriň meşhur poemasy “Odisseýa” esasynda ýazdy.

Bu režissýoryň karýerasyndaky iň gymmat filmi hasaplanylyp, “Hollywood”-yň ençeme ýyldyzy dürli keşpleri ýerine ýetirýär. MeZentt Deýmon Odisseýiň, Tom Holland Odisseýiň ogly Telemahyň, oskarly aktrisa Enn Heteweý Odisseýiň ýanýoldaşy Penelopanyň, Robert Pattinson Antinoýyň, meşhur aktrisa Zendeýa Afinanyň, oskarly aktrisa Lupita Nýong’o 2 keşbi – Troýaly Heleniň hem-de onuň uýasy Klitemnestranyň, Samanta Morton Kirkanyň, oskarly Şarliz Teron Kalipsonyň, Mia Got Melanfonyň, Benni Safdi Mikeniň şasy Agamemnonyň, Jon Berntal Spartanyň şasy Menelaýyň keşplerini janlandyrdy. “Universal Pictures” hem-de Nolanyň şahsy kompaniýasy bolan “Syncopy” studiýasynyň bilelikdäki önümi bolan ekran eseriniň dowamlygy 173 minuta deňdir. Film tutuşlygyna IMAX kameralary arkaly surata düşürilen ilkinji kino bolup, onuň surata düşüriliş işleri 91 günde tamamlandy. Nolan mundan öňki filmleriniň käbir sahnalarynda-da IMAX kameralaryny ulanypdy. Ýöne bu gezek film başdan aýak IMAX 70 mm-lik kameralary arkaly ekranlanşdyryldy.

Ekran eseri Marokkoda, Gresiýada, Italiýada, Islandiýada, Şotlandiýada, Maltada, şol sanda Ortaýer deňzinde, Günbatar Saharada surata düşürildi.

Filmde eşitdirilýän sazlar oskarly kompozitor Ludwig Goransson tarapyndan ýazyldy. Filmiň prokatlardan ep-esli girdeji gazanmagyna, 1,5 milliard dollara golaý kassa ýygymyny toplamagyna garaşylýar. 6-njy iýulda Londonda gala görkezilişi bolan filme kinotankytçylar ýokary baha berýär. Film Rotten Tomatoes-da 96% ses alyp, bu režissýoryň bu saýtdaky iň ýokary derejeli kinosy boldy.

Film Dünýädäki 41 sany IMAX kinoteatrlarynda iň uly göwrümde görkeziler. Beýleki kinoteatrlarda bolsa az-owlak kiçeňräk göwrümlerde köpçülige ýetiriler.

“Odisseýa” poemasy esasynda ozalam telim film ekranlaşdyryldy. 1954-nji ýylda italiýaly Mario Kamerininiň surata düşüren “Ulisse” filminde Körk Duglas, Antoni Kuinn, Silwano Manjano ýaly belli artistler dürli keşpleri ýerine ýetiripdi. 1997-nji ýylda russiýaly Andreý Konçalowskiniň surata düşüren “Odisseý” atly gysga teleserialy-da meşhur ekran eserleriniň biridir.  2024-nji ýylda bolsa Uberto Pasolininiň režissýorlygyndaky, Raýf Faýnes bilen Žuliett Binoşeniň baş keşplerde surata düşen “Gaýdyp geliş” (The Return) filmi-de bu eser esasyndaky belli kinolaryň biri hasaplanýar. Kristofer Nolanyň filmi “Odisseýa” poemasy esasynda surata düşürilen 10-njy ekran eseridir.

Filmde grek miflerine görä, Itakanyň şasy Odisseýiň Troýa urşundan soň ýurduna dolanyşy çeper beýan edilýär. Onuň bu ýolagçylygy 10 ýyl dowam edip, dürli-dürli wakalary başdan geçirýär. Odisseýiň bu täsin gezelençde görmedik görgüsi galmaýar. Penelopa ýanýoldaşy Odisseýe urşy hem hasaplanyňda, jemi 20 ýyl garaşmaly bolýar…