Ýaponiýanyň parlamenti imperatorlyk maşgalasyna uzak garyndaşlaryndan bolan 15 ýaşdan uly erkekleri ogullyga almaga rugsat berdi. Ogullyga alnanlaryň geljekki ogullaryna hem tagt mirasçysy bolmaga hukuk berildi. Täze üýtgetmelere görä, şazada gyzlara imperatorlyk maşgalasyna degişli bolmadyk adamlar bilen durmuş gursalar hem, öz derejelerini saklap galmaga rugsat berilýär.
Şeýle-de, häzirki Imperator Naruhitonyň 24 ýaşly gyzy şazada Aýko halk arasynda örän meşhur bolmagy we tagt mirasdarlarynyň sanynyň azalmagy alada döredýär. Muna garamazdan, täze kanunda aýal-gyzlaryň Imperator bolmagyna girizilen gadagançylyk güýjünde galdyryldy. Häzirki düzgünlere laýyklykda, tagt Naruhitodan soň onuň 60 ýaşly süýtdeş inisi şazada Fumihitoga, ondan soň bolsa agasynyň 19 ýaşly ogly, şazada Hisahitoga geçer.
Milli parlamentiň kabul eden bu çözgüdi ýurduň jemgyýetçiliginiň pikirini doly şöhlelendirmeýär diýlip hasaplanýar. Sebäbi geçirilen pikir soralyşyklara gatnaşan raýatlaryň 70 göterimden gowragy aýal-gyzlaryň Imperator bolmagyny goldaýar. Şeýle-de bolsa, ýurduň Premýer-ministri Sanae Takaiti hem wekilçilik edýän dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň konserwatiw syýasatçylary tagtyň diňe erkek nesiller tarapyndan miras alynmagynyň tarapdary bolup çykyş edýärler. Resmi taýdan erkekleriň tagta geçmegi baradaky düzgün 1889-njy ýylyň imperatorlyk kanunyndan bäri dowam edip gelýär we girizilen bu täze üýtgetmeler 1949-njy ýyldan bäri kanunyň esasy tekstine girizilen ilkinji düzelişdir.