Özbegistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi baradaky kanun taslamasyny saýlawçylaryň 90,21% -i goldaw berdi. Bu barada Respublikanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi.
Özbegistanda konstitusion sala salyşlyk 30-njy aprelde geçirildi. Merkezi saýlaw komissiýasy sala salyşyga saýlawçylaryň 84,54%-iniň gatnaşandygyny habar berdi.
-Referenduma hödürlenen meseläniň oňyn çözgüdi üçin 15 million 40 müň 56 adam ses berdi – diýip, Nizamhojaýew brifingde eden çykyşynda belledi.
“Referendum barada” kanuna laýyklykda, ses berişlige gatnaşan raýatlaryň ýarysyndan gowragy ses beren halatynda karar kabul edilen diýlip ykrar edilýär. Bu kanun kabul edilen halatynda, Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan geçirilen referendumyň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girip, ses berişlikden soň on günüň içinde amala aşyrylmalydyr.
Özbegistanyň Konstitusiýasyny üýtgetmeleri girizmek baradaky başlangyçlar 2021-nji ýylyň ahyrynda ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew tarapyndan hödürlendi. Respublikanyň häkimiýetleri Özbegistanyň häzirki döwürde başdan geçirýän sosial-ykdysady we syýasy özgerişliklerini amala aşyrmak hem-de berkitmek maksady bilen esasy kanuna üýtgetmeleri girizmegiň zerurdygyny öňe sürdi.
Ýörite Komissiýa tarapyndan işlenip düzülen Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek baradaky teklipler geçen tomus tutuş ýurt boýunça ara alnyp maslahatlaşyldy we Özbegistanyň raýatlaryndan 150 müňden gowrak teklip gelip gowuşdy.
Indi ýurduň esasy kanuny 65% täzelener. Esasy täzelikleriň biri, ýurduň Prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylmagy bilen baglanyşykly. Häzirki döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýewiň möhletleri täzeden başlar, ýagny 2026-njy ýylda üçünji gezek dalaş edip biler. Mundan başga-da, düzedişlere görä, Özbegistan sosial döwlet diýlip yglan edilip, ýurtda ölüm jezasyny hem ýatyrylar.