Demirçi ussa bitginli bir kişidi. Bu jelegaýyň adamlaryndan has uzyndy. Körügiň ýalnydyr ýekedabanlardan dökülýän demir çaňyndan ýaňa ýüz-gözi, elleri gara-ört bolup giden eginlek pyýadady. Onuň giň maňlaýyna düşüp duran, gür hem bulaşyk saçynyň astyndan ullakan, çaganyňka çalymdaş, polat ýaly ýagty mawy gözleri ýaldyraýardy. Ol gülen mahaly berdaşly äňleri giňden açylyp, agzyndan çykýan demiň sesi horrulda ýa-da ussahananyň körüginiň güýçli hassyldysyna meňzeýärdi. Göýä, öz gara güýjüne buýsanýan ýaly, sandalyň başyndaky iş endigine kybap hereket bilen ellerini galgadanda, ýaşan elli ýaşynyň oňa kän bir täsir edip bilmändigini bildirýärdi. Öz gujurly gollarynda isledigiçe oýnadyp, agramy ýigrimi bäş funt bolan ýekedabany işletmegiňem aňryýany bilen hötdesinden gelýärdi. Äpet ýekedabany Wernondan Ruana çenli ýeke özüniň egninde göterip gidip biljekdigine hiç kimde şübhe döremeýärdi.
Men bu demirçi ussanyňkyda arly ýyl ýaşadym. Şol tutuş bir ýyl – meniň dertlerimden saplanan ýylymdy. Ol döwür kalbym rahatlygyny, beýnim pikir öwürmek ukybyny ýitirip, öz-özüme düşünmek üçin gurbat berip biläýjek asudaja ýeriň gözlegine çykyp, başymy alyp gidipdim. Ynha günleriň birinde giçlik dört ýoluň aýrydynda bir obanyň deňinden geçip barýarkam, durşuna alaw bolup duran ýalňyz demir ussahanasyna gözüm düşdi. Ýagtylyk şeýlebir ýitidi welin, giňden serpilen derwezeden çatryga edil ýangynyň ýagtysy düşýän ýalydy, çeşmejigiň uzaboýundaky hatar-hatar derekler bolsa, tersine tüssä boglan şamçyrag bolup görünýärdi. Ýekedabanlaryň sazlaşykly sesi göýä golaýlap gelýän, demir sowutly ýygynyň toýnaklarynyň dükürdisi bolup, iňrigiň imisalalygynda uzaklara, ýarym mil aralyga ýaň salýardy. Men ine, şu ýerde, bütinleý açyk derwezäniň öňünde ot-ýalnyň, goh-galmagalyň deňesinde, ynsan elleriniň çym gyzyl bolýança gyzdyrylan demir böleklerini epläp, ýaýyşyny görüp, şu görnüşden bagtyýar halda ynjalyp, aýak çekdim.
Şol güýz agşamy ilkinji gezek demirçi ussany görüpdim. Ol azalyň ýerdemrini ýençgiläp süýndürýärdi. Egni ýokarky ilikleri ýazdyrylan köýnekli ussanyň her dem alanynda, taplanan polatdan ýasalan ýaly berk gapyrgalary gapak ýaly açyk döşünde mese-mälim bildirip durdy. Ol arkan gaýşyp, bat alýardy-da, ýekedabany inderýärdi. Bu ähli muskullary aýaman işledip, bedene ýeňiljek hem birsydyrgyn bat berýän dynuwsyz ýagdaýdy. Ýekedaban öz yzynda ýalynly ýol ýasap, tegelek halka emele getirýärdi. Şol pursat onuň ogly, ýigrimi ýaşyndaky ýigit uzyn saply gapjawaç bilen köz ýaly gyzaran demri tutup, öz gezeginde kakasynyň gollaryndaky mähnet hem haýbatly guralyň zenzelesiniň astynda çala eşidilýän, tutuk sesli urgy bilen çekijini işledýärdi. Şaňk-şaňk, şaňk-şaňk – göýä, enäniň ýaňy dil biten çagasynyň ilkinji bimany sözlerini eşidip, oňlaýan deňli-derejeli sesi gelýän ýalydy. Ýekedaban tans edýän zenan ýaly barha bat alyp, öz lybasyndaky şelpelerini çar ýana seçip ýören ýalydy. Her gezek towsanda bolsa, öz süýýän ýerdemrinde köwşüniň “ökjeleriniň” yzlaryny goýýardy. Gyrmyzy öwüşginli ýalyn, uzyn kölegeleri ussahananyň garaňky burçlarynda ýitip gidýän iki ussanyň güberçek ýagyrnylaryny ýagtyldyp, ýere ýazylyp gidýärdi. Kem-kemden şapagyň ýagtysy peselip, demirçi işini bes etdi.
Hüýt gara äheňgir maňlaýyndan dynman syrygýan derem süpürmän, ýekedabanyň sapyna söýenip durdy. Onuň henizem demini dürsemedik, gapyrgalary mese-mälim bolup duran kükreginden zogdurylyp çykýan demi oglunyň pessaýja ýel berýän körüginiň sanajynyň hassyldysy bilen goşulyp gidýärdi.
Men şol gije ussanyňkyda düşledim, şeýdibem şol ýerde galyberdim. Ussahananyň ýokarsynda onuň boş otagy bar eken. Ol şol otagy maňa hödürledi, menem ýüz öwrüp durmadym. Ir sagat bäşde, heniz daň atmanka, eýýäm hojaýynyň işine goşulyşýardym. Men bütin jaýa ýaň salyp gidýän gülki sesine oýanýardym, daş-töweregi alaýaz edip duran bu şadyýanlyk tä agşama çenli sowulmaýardy. Bolýan otagymyň aşagyndaky ussahanada ýekedabanlar oýnaýardy. Olar göýä, ýaltalygym sebäpli maňa käýäp, ýorgandan çekip çykarmak üçin petige kakýan ýalydylar. Ullakan yşgaply, agaçdan ýasalan reňklenmedik stolly we iki sany oturgyçly pukaraja otagymyň özem meni howlukdyryp, bagyrýan ýalydy. Ine şonuň üçinem men dessine aşak düşmäge mejbur bolýardym. Körükde oduň gyzgyny ýetjek derejesine ýetipdi, sanaçlar myrryldap ses edýärdi, ýanýan kömürden mawy hem gülgün reňkli ot goşulyp, ýokary göterilýärdi. Olary kesýän howa akymynyň düýbünde ýylpyldawuk ýyldyz gözüni jüýjerdip ýatan ýalydy. Ussa günüň dowamynda etjek işlerine ser salýardy. Ol ýere dökülen demirleri dörüp görýärdi, azallary agdarýardy, tigirleri gözden geçirýärdi. Bu kişi meni görüp, ellerini bykynyna urup, şeýle bir gülmek güldi welin, tas erinleri gulagyna ýetipdi. Onuň meni daňdan bäşde düşekden turzanyna gülküsi tutýardy. Ol şeýle ir bilen sandala batly urup, ýekedabanyň sesi bilen töweregini örüzýän bolmaly. Ol öz gujurly, mähnet gollaryny meniň eginlerime goýdy-da, hamala diýersiň, çaga bilen gürleşýän ýaly eglip, onuň demirleriniň arasynda ýaşap başlalym bäri has dogumlanandygymy aýdyp, meni ynandyrmaga çalyşdy. Biz her gün düňderilgi duran iki tigirli köne arabanyň arkasynda oturyp, bileje gök çaýam içýärdik.
Men ussahanada galapyn uzakly gün galýardym. Aýratynam, gyş günleri, ygalyň köp ýagýan çaglary wagtymyň köpüsini şol ýerde geçirýärdim. Iş meni özüne imrikdirdi. Demirçi ussanyň baş bermezek sarç demir bilen, ony öz erkine tabyn etmek üçin darkaş guruşy edil hakyky eser kimin meni özüne çekýärdi. Men körükden sandala geçýän demre syn edýärdim, onuň ussadyň kuwwatly gollarynyň zoruna çydaman, ýumşak mum ýaly egrelýändigini, ýaýylýandygyny, düýrülýändigini synlap, aňk bolýardym. Taýýar azalyň üstüne eglip seredemde, düýnki bikeşp demir lokgalaryny tanamadym. Azalyň çar tarapyndan synlap gördüm, göwnüme bolmasa, haýsydyr bir äpet mahlugyň barmaklary ot-ýalynsyz, oňa şu şekili beren ýalydy. Kähalat, birmahal garşymdaky jaýda ýaşan gyzy ýatlap, ýylgyranymy duýman galýardym; ol şonda inçejik barmaklary bilen üre siminden ýasalan pudaklary egreldip, oňa ýüpek sapak bilen emeli benewşe gülleri berkidýärdi.
Äheňgiriňem zeýrenmesi bolmazdy. Her gün eli ýekedabanly on dört sagat işläbem, ol agşamara hoşal halda ellerini bir-birine sürtüp durşuna, kalby çirksiz, mähir bilen gülerdi. Ol asla gam çekmezdi, ýadaw görünmezdi. Eger onuň öýi ýykylyp barýan bolsa, ol ony eginlerini diräp saklap bilerdi. Ol gyşyna ussahana ýyly diýerdi. Tomsuna bedäniň ýakymly ysy gelip durar ýaly, derwezeleri serpip açardy. Tomus agşamlary onuň bilen ussahananyň agzynda oturardym. Ussahana baýryň ýapgydynda bolansoň, ol ýerden seredeniňde, tutuş jülge edil eliň aýasynda ýalydy. Aňyrsy-bärsi görünmeýän, şonuň üçin ýumşak düşegi ýada salýan, gözýetimde iňrigiň melewşe reňki bilen goşulyşyp gidýän, bu şüdügär ýer onuň keýpini göterýärdi.
Demirçi aram-aram bu giden ýeriň özüne-de degişlidigini, sebäbi ussahananyň eýýäm iki ýüz ýyl bäri bütin etraby azal bilen üpjün edýändigini aýdyp degşerdi. Maý aýynda ýaşyl begrese bürenip, iýulda sary donuny atynýan, dürli reňkli ýüpek lybasly bu düzlük ussanyň öňünde borçludy. Ekinler hasyla duranda, ol bu bolçulyga ogullaryna guwanýan ýaly guwanýardy, güneşli Güne şatlanýardy, eger-de bulutlar doly ýagdyrmakçy bolup garalyberseler, olara ýumrugyny çeneýärdi. Ol köplenç meni uzakdan onuň keltekçesiniň syýyndan hem insiz ýaly bolup görünýän, dilkaw ýeri synlamaga çagyrardy we süle ýa-da arpa ekilen bu ýer üçin haýsy ýylda azal ýasandygyny gürrüň berýärdi. Meýdan işleri döwründe ol käteler ýekedabanlaryny taşlap, ýoluň ýakasyna çykardy-da, elini gözüniň üstüne kölegeledip, uzaklara nazar salýardy. Ol öz ýasan azallarynyň köpsanly “maşgalasynyň” yzynda göni hem saga-sola uzaýan keşleri galdyryp, ýeriň göwsüni dilip, barşyna syn edýärdi. Jülgäniň içi azaldan doludy. Bir-biriniň yzyndan haýallyk bilen barýan tirkegler ýöriş marşy bilen barýan goşuny ýatladýardy. Azallaryň ýerdemirleri Günüň şöhlesine guýma kümüş ýaly öwüşgin atýardy. Demirçi ussa olaryň nähili zor işleýändigini görerim ýaly, ellerini bulap, meni çagyrýardy.
Daş-töweregimdäki şakyrdaýan, jyňňyrdaýan demirler meniň damarlaryma täze gan goýberen ýaly boldy. Olar maňa lukmanyň däri-dermanlaryndan-da şypaly boldular. Men ömrümiň tabyny duýarym ýaly, bu galmagal, sandala urulýan ýekedabanlaryň sesi maňa zerurdy. Körügiň sanaçlarynyň hassyldysyndan jana gelýän şujagaz otagda pikirlenmek ukybym ýaňadan dolanyp geldi. Şaňk-şaňk, şaňk- şaňk – munuň özi, meniň işlän sagatlarymyň hasabyny ýöredýän yrgyldawaç ýalydy. Işiň tüýs gyzan wagty, çym gyzyl bolan demir ussanyň gaharyny getirip, hamala, içine iblis giren ýaly, ýekedabanyň urgusynyň astynda jaýrylan mahaly, menem bimöçber hyjuw bilen galama ýapyşýardym – onuň güýji bilen, men bütin dünýäni täzeden duýmaga taýýardym. Ussahananyň gohy kiparlandan soň, meniň beýnime-de ümsümlik aralaşardy, men jaýyň aşaky gatyna düşerdim-de, ussa tabyn bolup, henizem tüsseläp duran demri görüp, öz edýän işimden göwnüm geçýärdi.
Kämahallar howanyň yssy günleri, öýleden soň äheňgiri görmäge göz gerekdi. Guşaklygyndan ýokarsyny ýalaňaçlap, tirpildäp duran güberçek muskullary bilen ol Mikelanjelonyň iň soňky güýjünde dikelmäge dyrjaşýan gujurly heýkellerine meňzeýärdi. Oňa seredip, men biziň heýkeltaraşlarymyzyň Gresiýanyň jansyz heýkellerinden gözläp ýören täze heýkeltaraşlyk ugruny tapdym.
Bu – zähmetden dörän aň ýetiriş serişdämizi dynuwsyz süýýän, ot hem demir bilen ertiriň jemgyýetini döredýän, şu asyryň arnuwsyz gahrymanydy. Onuň oýnagy ýekedabanydy. Ol gülesi gelen mahaly, ýekedabany eline alardy-da, bat bilen indererdi. Şol mahal howurdan ýaňa gülgün reňke öwrülen körügiň üzlem-saplam demini gök gürrüldisi bozardy-da, göýä, ähli jepakeş halkyň dem alýan sesi gulagyma gelen ýaly bolýardy.
Ine şu ýerde, ussahanada, azallaryň arasynda men öz hassalygymdan, ýaltalygymdan hem betgümanlygymdan ömürlik gutuldym.
1 Wernon we Ruan ― Fransiýadaky şäherleriň atlary.
Terjime eden Myrat GOŞLYÝEW.