Tawus guşy dünýäde owadanlygy, guýrugynyň 1,5 metre ýetýändigi bilen beýleki guşlardan tapawutlanýar. Owadan ýelpewaç görnüşindäki guýruk diňe horazlarynda bolýar.
Sowuga örän çydamly bolany üçin tawuslar köp ýurtlara äkidilipdir. Olara ähli haýwanat baglarynda duş gelinýär. Owadanlygyna garamazdan bu guşuň sesi ýakymsyzdyr.
Tawus sülgünler maşgalasyna degişli bolup, olar gök we ýaşyl reňklidirler. Gök reňkli tawus Günorta Hindistanda ýaşaýarlar. Olar hindileriň milli guşy hasaplanýar.
Ýaşyl tawus guşlary Burmanyň gündogar taraplarynda ýaşaýarlar. Tawusyň bu görnüşiniň nesli tükenmek howpy bilen ýüzbe–ýüz bolany üçin, olar Bütindünýä tebigaty gorap saklamak guramasy tarapyndan goraga alyndy.
Tawusyň ýelpewajyndaky nagyşlar:
/ Tawusyň horazynyň guýrugynda her ýyl täzelenip duran 200-e ýakyn ýelek bar.
/ Ýeleklerdäki tüýleriň 170-den gowragy göz şekilinde bolup, “göz tüýi” diýlip atlandyrylýar. Galan 30-a ýakyn ýelek tüýleri ýelpewaja owadanlyk berýän çyzgylardyr.
/ Tawusyň guýrugyndaky şekiller mikroskop arkaly synlananda, olaryň uşajyk reňkler toplumyndan durýandygy anyklandy. Göz şekilindäki reňkler gysga tüýler, daşyndaky çyzgylar uzyn tüýler bilen örtüleni üçin uzakdan has-da üýtgeşik göze ilýär.
/ Tawusyň başga bir aýratynlygy hem göze ilginç reňkleriniň görüş uzaklygyna görä üýtgemegidir. Bu reňkler pigmentler (haýwan we ösümlik dokumalaryna reňk berýän madda) bilen däl-de, inçejik reňkli gatlaklardan ybarat.
Gatlagyň tüýleri şeýle bir ownuk welin, olary diňe mikroskop bilen görmek mümkin. Inçejik reňkli gatlagyň göz şekilindäki nagşynda kümüşsöw, gök, ýaşyl we goýy benewşe reňkler bar.