Belgiýada 1-nji maýdan başlap işe welosipedli gatnaýanlara töleg tölenip başlandy. Ýurtda şeýle düzgün mundan ozal hem bardy. Emma bu ýeňillikden peýdalanjaklar işberiji tarapyndan kesgitlenip, işgärleriň diňe 29 göterimi peýdalanyp bilýärdi. Indi bolsa, bu düzgün ähli işgärler üçin degişli edildi. Häzire çenli töleg sebitlere görä üýtgäp, her kilometr üçin 0,24 ýewro tölenýärdi. Ýurduň degişli ýolbaşçylary tölegde üýtgeşikligiň ýokdugyny, emma 1-nji maýdan başlap täze goşulan pudaklarda işleýänlere kilometr üçin 0,27 ýewro töleniljekdigi mälim etdiler.
Şeýlelikde, işe welosipedli gidenler her kilometr üçin 0,27 ýewro pul alarlar. Mundan ozal bu tölegi almak üçin köpçülikleýin iş şertnamasyna gol çekilen edarada işlemek talap edilýän bolsa, bu şert ýatyryldy. Işgäriň öýünden işine çenli dolulygyna ýa-da belli bir bölegini welosipedli geçmegi hem ýeterlik hasaplanýar.
Işi bilen öýüniň arasy gidiş-geliş 40 kilometrden köp bolsa 10,8 ýewro alarlar. Işgär töleg alyp başlan ilkinji ýylynda tölegiň 0,25 ýewrolyk bölegi salgytdan boşadylar. Ikinji ýyldan başlap, tölegiň ählisinden salgyt alnar.
Belgiýada geçirilen pikir soralyşykda 35 müň edara-kärhanadaky bir million işgäriň 29 göterimi geçen ýyl welosiped üçin töleg alypdyr. Bu görkeziji 2017-nji ýylda 16 göterim bolupdyr.
Bilermenler täze düzgüniň ýurtda welosiped ulanylyşynyň artdyrjakdygyny aýdýarlar.