6-njy maý­da West­mins­ter ab­bat­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Ko­ro­ly Karl III täç geý­di­ri­liş da­ba­ra­sy­na 2,2 müň­den gow­rak adam gat­na­şar. Bu­kin­gem köş­gi ta­ra­pyn­dan ýaý­ra­dy­lan be­ýa­na­ta gö­rä, ola­ryň ara­syn­da 203 ýur­duň we­kil­le­ri, döw­let Baş­tu­tan­la­ry we da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri, di­ni we­kil­ler, No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­le­ri we jem­gy­ýet­çi­lik iş­gär­le­ri bar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 100 tö­we­re­gi döw­le­tiň we­ki­li ýo­ka­ry de­re­je­de ka­bul edi­ler.
Karl III täç geý­di­ri­li­ş da­ba­ra­sy Ýe­li­za­we­ta II ara­dan çy­kan­dan se­kiz aý soň gu­ral­ýar. Be­ýa­na­ta gö­rä, Weng­ri­ýa­nyň, Ir­lan­di­ýa­nyň, Pol­şa­nyň, Fi­lip­pin­le­riň, Fran­si­ýa­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry, Is­pa­ni­ýa­nyň we Şwe­si­ýa­nyň Ko­rol­la­ry, Mo­na­ko­nyň knýa­zy, Ýa­po­ni­ýa­nyň Im­pe­ra­to­ry, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ýol­baş­çy­la­ry we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň sy­ýa­sy ýol­baş­çy­la­ry­na ça­ky­lyk ug­ra­dy­l­dy.
Karl III täç geý­di­ri­liş da­ba­ra­sy, ge­ri­mi­ne gö­rä, Şa ze­nan Ýe­li­za­we­ta II 1953-nji ýyl­da gu­ra­lan täç geý­di­ri­liş da­ba­ra­syn­dan pes bo­lar. Şol da­ba­ra 8,2 müň­den gow­rak myh­man gat­na­şyp­dy. Karl III täç geý­di­ri­liş da­ba­ra­syn­da gu­ral­jak ýö­ri­ş Ýe­li­za­we­ta­nyň ge­çen se­kiz ki­lo­metr ýö­ri­şin­den dört es­se gys­ga bo­lup, onuň üçin iki dür­li ka­re­ta ula­ny­lar.
Bu­kin­gem köş­gün­den West­mins­ter ab­bat­ly­gy­na çen­li ýo­ly, Ko­rol Karl III we aýa­ly Ka­mil­la hä­zir­ki za­man ka­re­ta­syn­da ge­çer­ler. Bu ab­bat­lyk­da Karl III täç geý­di­ri­ler. Karl III we aýa­ly yza gaý­dy­şyn 1762-nji ýyl­da ýa­sa­lan al­tyn ka­re­ta­da ýo­la dü­şer­ler. Se­kiz ata go­şu­lan dört ton­na­lyk ka­re­ta mo­narh­lar ta­ra­pyn­dan iň mö­hüm wa­ka­lar­da, şol san­da 1953-nji ýy­lyň 2-nji iýu­nyn­da hä­zir­ki Ko­ro­lyň eje­si Ýe­li­za­we­ta II täç geý­di­ri­liş da­ba­ra­syn­da ula­ny­lyp­dy. Mo­narh tag­ta ge­çen­den soň, oňa 2,2 ki­log­ram ag­ram­ly ke­ra­mat­ly Eduard tä­ji geý­di­ri­ler.