Hytaýyň atom elektrik stansiýalarynyň (AES) umumy kuwwaty 125 million kVt-a ýetdi. Ýurt bu görkeziji boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. TASS-yň habar bermegine görä, bu barada Hytaýyň atom energetikasy assosiasiýasynyň «2026-njy ýylda Hytaýyň atom energetikasynyň ösüşi baradaky hasabatynda (Gök kitap)» bellenilýär.
Hasabatda Hytaýda 60 sany AES energiýa blogunyň täjirçilik maksatly ulanylýandygy habar berilýär. Ýene-de 36 sany energiýa blogy gurluşyk tapgyrynda bolup, bu dünýäde gurulýan atom reaktorlarynyň umumy sanynyň ýarysyndan gowragyny düzýär. Mundan başga-da, 16 sany energiýa blogy eýýäm hökümetden rugsat aldy we ulanylyşa girizilmäge garaşylýar.
Şeýle-de, Hytaýyň 2026-njy ýylda täze iki sany energiýa blogynyň gurluşygyna başlandygy we ýylyň ahyryna çenli ýene-de ýedi sany desgany ulanylyşa girizmegi meýilleşdirýändigi bellenilýär.
PDF









