Her ýyl paýtagtymyz Aşgabatda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara maslahatlar ýurdumyzyň energetika giňişligine işjeň goşulyşmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Golaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini jemlemek bilen, nebitgaz pudagy üçin täze hyzmatdaşlary ýüze çykardy. Forumda ýangyç-energetika toplumynda sebit we dünýä derejeli meseleler barada özara pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ugradylmagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmak
wezipeleri bar.
Forumyň dowamynda dünýä energetikasynyň geljeginde Türkmenistanyň orny, Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlary goýmagyň mümkinçilikleri, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde daşky gurşawy goramagyň talaplary, täze döwrüň energiýasy – içerki we sebitleýin ösüşiň geljegi, Türkmenistanda täze energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýasyny maliýeleşdirmek ýaly bölümlerde tebigy gazy, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak hem-de gaýtadan işlemek, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek, sebit üçin möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek işlerine maýa goýumlary goýmak mümkinçilikleri barada gyzykly çykyşlar diňlenildi.
«Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guralan göçme forum nebitgaz bazarynda möhüm orny eýeleýän Türkmenistanyň dünýäniň ýangyç-energetika bazaryndaky ornuny has-da berkitdi.
Bu forumda «Galkynyş» gaz käniniň ähmiýeti barada durlup geçildi. Bu gaz käniniň gorlary golaýyndaky «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde 27,4 trillion kubmetr möçberinde bahalandyrylýar. «Galkynyş» käniniň üçünji tapgyrynyň özleşdirilmegi bolsa Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisi boýunça her ýylda harytlyk gazyň 33 milliard kubmetrini ibermäge mümkinçilik berer. Şeýle hem bu gaz käniniň giňden özleşdirilmegi Türkmenistandan Hytaýa iberilýän tebigy gazyň möçberini hem artdyrmaga giň mümkinçilik berer.
Nygtalyşy ýaly, Hazar deňziniň günorta we merkezi bölekleri Türkmenistana degişli bolup, uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryny özünde jemleýär. Hazaryň türkmen kenary ygtyýarlandyrylan bloklaryň 32-sine bölünip, ýerli geologlaryň we daşary ýurtly bilermenleriň pikirine görä, onuň uglewodorod serişdeleriniň umumy mukdary 18,2 milliard tonna nebit ekwiwalentine deňdir. Şoňa görä-de, bu ugurda hem halkara hyzmatdaşlygy barada giňişleýin gürrüňler edildi. Hususan-da, «Dragon Oil» kompaniýasynyň bu sebitde köp möçberde maýa goýumlary özleşdirendigini, ýene-de geljek ýyllarda iri maýa goýumlar bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegi maksat edinýär.
Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň häzirki döwürde dünýädäki durnukly ösüşiň esasy şerti bolup durýandygy göz öňünde tutulanda, forumyň netijeleriniň bu möhüm ulgamda özara bähbitleriň deňagramlylygy esasynda guralýan deňhukukly halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmakda giň gözýetimleri açjakdygy şübhesizdir.
Hormatly Prezidentimiz foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Dubaý şäherinde geçirilýän bu halkara forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary işjeň çekmäge, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, önümçiliklere ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika bazaryna daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan uly gyzyklanma bar.
Tawus MUHAMMETDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.