Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde halkyň milli medeni üstünligini, ylmy rowaçlygyny, döredijilik ussatlygyny, çeperçilik ukybyny, durmuş paýhasyny we zehinini dabaralandyrýan, mähriban Watanymyzyň demirgazyk sebitinde ýerleşýän aýratyn taryhy ähmiýetli gymmatlyklaryň iň oňat nusgalarynyň atlarynyň birnäçesine duş gelmek bolýar. Muňa mysal hökmünde dana şahyryň alty bentli «Şypa ber» atly goşgusynda:
Hywanyň ýurdunda ýatan jenanlar,
Ýa Ysmamyt, är Pälwan şypa ber!
diýip bellenilýän jadyly, hikmetli, ruhlandyryjy setirlerini agzamak bolar.
Akyldar şahyr goşguda taryhy-jemyýetçilik ösüşlerde uly hyzmatlary bitiren, umumyhalk söýgüsinde döredijilik ukyplaryň kämillik derejesi bilen şöhratlanan, edebi däpleriň meňzeşliginde we umumylygynda köp duş gelýän 20-ä golaý şahsyýetleriň atlaryny hormat bilen agzap geçip, olardan medet, şepagat, muhabbet isleýär.
Şolaryň hatarynda Ysmamyt-är Pälwan toponimik adalgasynyň, geografik toplumynyň çägi Demirgazyk Türkmenistan bilen baglanyşykly diýsek ýalňyşmarys. Ysmamyt ata taryhy arhitektura toplumy Görogly etrabynyň merkezinden 14 kilometr günorta-günbatarda, häzirki Zaman geňeşliginiň «Öwläboýy» obasynda ýerleşýär. Uzak asyrlaryň dowamynda taryhy-medeni gurşawda kemala gelen we binagärlik sungatynyň täsin, özboluşly monumental eseri hökmünde ýaşaýşyň gadymy yzlaryny, geçmişiň syrly, jadyly dünýäsini özünde jemläp oturan, kaşaň we haşamly Ysmamyt ata taryhy arhitektura toplumy sebitiň çäklerindäki irki orta asyr Hywa şäherinden 67 kilometr günbatarda ýerleşýär. Geçmişde bu mekan gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda Watanymyzyň dürli çäklerinden geçen köp gatnawly, esasy kerwen ýollarynyň ugrunda IX-XVIII asyrlar aralygynda söwda, jemgyýetçilik we durmuş maksatlaryna gönükdirilen orta asyr kerwensaraý nokatlarynyň iň ulusy, giň düşelgeli merkezi, medeniýetiň mertebeli, şöhratly ojagy hasap edilendigi ylmy edebiýatlarda bellenilýär. Günortasy ümmülmez Garagumuň şähraýy oazisleri, süýji suwlary bolluk bilen lemmer atýan Türkmenderýa we halkara «Dostluk» zeý akabalary bilen serhetleşýän bu ýadygärligiň töwereginde etrabyň gür ilatly oturymly obalary ýerleşýär. Orta asyryň görnükli ýazarlary Abdyrahman Jamynyň, Alyşir Nowaýynyň, Hüseýin Wagyz Kaşifiniň, Kemaleddin Hüseýin Gäzergähiniň, Lutfulla beg Azer Begdiliniň, Şemseddin Samy begiň, Ferediddin Attaryň eserlerini Ysmamyt-är Pälwan baradaky ilkinji we iň kämil edebi, taryhy çeşmeler hökmünde hasaplamak bolar. Bu toplumyň düzümine girýän ymaratlaryň gurluşygy bina edilen ýaş seneleri boýunça üç topara bölünýän medeni gatlaklar arkaly tapawutlandyrylyp, ol 150 gektara golaý gorag çäklerini öz içine alýar. Birinji toplumyň medeni gatlaklary Eşret gala diýlip atlandyrylýar. Bu galada geçmişde şalaryň köşgüniň, zikgehananyň, suwaryş ulgamynyň irki galyndylarynyň, goranyş berkitmeleriň, şähristanlygyň bolandygy taryhy gollanmalarda bellenilip geçilýär. Bu gala irki orta asyr ahemenitler zamanynyň, kuşanlar döwrüniň taryhy ösüşlerindäki gymmatlyklaryň tapgyry bilen ýaşytdaş hasap edilýär. Ikinji toplumyň düzümini Ysmamyt ata binagärlik toplumynyň hatary emele getirýär. Bu toplum 7 sany gadymy binany öz içine alýar. Olar Ysmamyt ata aramgähi, türbedi (meýdany 20 inedördül metre deň), üç sany dürli görnüşli hanaka otagy (her biriniň meýdany 16 inedördül metre deň), bir sany Daşköçe (ini 4 metr, boýy 36 metr), gyşky we ýazky metjitler, medrese (18 sany okuw otagly hüjreler) we mütewelliller howlusy diýlip atlandyrylýar. Bu toplumyň binalarynyň hataryndaky ymaratlaryň XIII-XIV asyrlarda tapgyrlaýyn gurlandygy alymlaryň ýazgylarynda ýatlanylýar. Ýadygärliklerde iň soňky gezek XIX asyrda Abdyrahman Mähter tarapyndan abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleri geçirilipdir. Toplumyň düzümindäki ymaratlar diwarlarynyň galyňlygy, düýbüniň tutulyşynyň çuňlugy, gurluşyk önümleri üçin peýdalanylan erginleriniň örän kämildigi, berkligi bilen tapawutlanmak bilen, olarda ýazuw medeniýetiň, oýma neçjarçylyk, nakgaşçylyk, amaly-haşam sungatynyň gözellikleriniň täsin nusgalary köp duş gelýär. Ysmamyt ata aramgähiniň peştagynyň ýüzi gündogar tarapa bakdyrylyp gurlupdyr. Köp toplumly, beýik we köp gümmezli görnüşi boýunça sebitde ýeke-täk, iň gadymy we iň meşhur binagärlik toplumy diýlip hasap edilýän Ysmamyt ata aramgähi köpsanly taryhy, edebi çeşmelerde kuwwatly Köneürgenç Türkmen döwletinde tasawwuf, tarykat, magryfet, şerigat amallarynyň, ylahy bilimleriň iň uly wekili hökmünde ykrar edilen, Demirgazyk Türkmenistanda orta asyrlarda şygryýetde çeper rubagyçylyk ugrunyň milli mekdebini esaslandyran, ebedi edebi soltanlygyň bilbili hasap edilýän Mahmyt Pälwandygy bellenilýär. Bu toplumyň üçünjisi XX asyryň dowamynda bina edilen desgalaryň birnäçesini öz içine alýar. Halk ynançlaryna görä, Ysmamyt ata possun tikmegiň, jykyr, howuz gurmagyň we nowa çekmegiň, arassa ahlak edebiň, beden synalaryny sagdyn saklamagyň, göreş tutmagyň, uzak ýaşaýan agaçlary ekmegiň, görnüşleri seýrek haýwanlary eldekileşdirmegiň piri hem hasap edilýär. Edebiýaty öwreniş ylmyndaky çeşmelerde bu mekana dana şahyr Magtymgulynyň Hywanyň «Şirgazy han» medresesinde üç ýyl tälim alan döwründe syýahat sapary bilen gelendigi, demirgazyk Türkmenistanyň sebitlerini kämil bilendigi, akyldaryň setirleriniň geografik düşünjeleri, merkezleri takyk şöhlelendirýän pikirleriniň durmuş hakykatynyň çeper hakykat bilen dogry utgaşýandygy, ygtybarly taryhy maglumatlara baýdygy, sebitleriň ýerleşişi barada gymmatly, tebigy aýratynlyklary dürs görkezýändigi çuňňur beýan edilýär. Ýadygärligiň halkara, umumydöwlet we sebit derejesindäki ähmiýetini ylmyň dürli ugurlary arkaly dürli ýyllarda çuňňur öwrenmekde A.Wamberiniň, Ý.W.Steblýugyň, I Goldsiýeriň, Sagyt Nefisiniň, Ý.E.Bertelsiň, W.W. Bartoldyň, N.Mallaýewiň, T.Jelolowyň, G.P.Snesarýewiň, S.P.Tolstowyň, Ý.G.Gulamowyň, A.Ý.Ýakubowskiniň, H. Ýusubowyň, N.Gullaýewiň, A.Täjimowyň, G.Nazarowyň, G.Gurbanowyň, R.Godarowyň hyzmatlary hormat bilen bellenilmäge mynasypdyr. Tanymal halypalar Sadreddin Aýnynyň, B.Kerbabaýewiň, B.Seýtäkowyň, K.Taňrygulyýewiň, Eziz Nesiniň, Durdy Gylyjyň we R.Alyýewiň eserlerinde, şahyrana döredijiliginde Mahmyt Pälwan bilen bagly nusgalyk edebi çeper ýordumlar, meňzetmeler, salgylanmalar köp duş gelýär. Binagärçilik sungatyndaky halkyň döredijilik ussatlygyny we durmuş tejribesinde toplanylan zehini, taryhy üstünlikleriň galkynyşlaryny açyp görkezýän Ysmamyt ata ýadygärlikler toplumyny XIX asyr Hywa taryhçysy Muhammet Reza Agahiniň, Beýanynyň, Şermuhammet Munisiniň tassyklamagyna görä, Hajymuhammet han, Arapmuhammet han, Ilbars han, Owaz Ynak han, Iltizar han, Isfendiýar han özleriniň dürli döwürlerde eden zyýaratlarynda bu mekany iň eziz, mukaddes, togap we tagzym edilýän, myhmansöýerligiň, amatly dynç alşyň we umumyhalk hormatyndaky gözel künjekleriň, yzy üzülmeýän gelim-gidimli gadymy ojaklaryň biri hökmünde ykrar edipdirler.
Döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, köňülleriň bitewüligini özünde jemlemek bilen, bu günki gün täze röwüşdäki baý many-mazmun bilen köptaraply öwrenilýän ýadygärlige dürli döwürlerde ýaşap geçen taryhy şahsyýetleriň – Hywa hanlary Abylgazy Bahadyr hanyň, Allaguly hanyň, Anuşah hanyň, Feruz hanyň, Muhammet Emin Ynagyň, Seýit Muhammet Rahym Bahadur hanyň, Seýit Muhammet hanyň, Gurbanmämmet serdaryň, görnükli çeper söz ussatlary Gaýyby, Andalyp, Zelili, Seýdi, Talyby, Kemine, Hatam şahyr, Aşyk Çaňly, Magrupy, Oraz Aşyky ýaly şahyrlaryň hem zyýarata gelendigi bellenilip geçilýär.
Dädebaý Pälwanow,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.