Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow 1941-1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Ýeň­şiň 78 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Mosk­wa­da gu­ra­lan da­ba­ra­ly çä­re­le­re gat­naş­dy.
Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, Be­ýik Ýeň­şiň hor­ma­ty­na me­ýil­leş­di­ri­len da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak ba­ra­da­ky ça­ky­lyk hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­ti­niň ara­syn­da 7-nji maý­da ge­çi­ri­len te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik­de be­ýan edi­lip­di.
Söh­bet­deş­lik­de iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de ýo­la go­ýul­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň gel­jek­ki ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lyp­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň ge­çen ýy­lyň iýun aýyn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na ama­la aşy­ran il­kin­ji res­mi sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy çuň­laş­dyr­mak ba­ra­da­ky Jar­na­ma­nyň gol çe­kil­me­gi, äh­li ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ry­nyň has-da ös­dü­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­di.
Iki ýur­duň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­luk we bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak esa­syn­da ýo­la go­ýul­ýan gat­na­şyk­la­ryň ta­ry­hy ýüz­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şi­ne uzap gid­ýär. Onuň esa­syn­da iki ýur­duň hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry hä­zir­ki dö­wür­de üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýär.
Ikin­ji ja­han ur­şun­da ga­za­ny­lan Be­ýik Ýe­ňiş umu­my ta­ry­hyň mö­hüm sa­hy­pa­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ol sö­weş meý­dan­la­ryn­da egin-eg­ne be­rip, mert­ler­çe sö­we­şen we gel­jek ne­sil­le­riň pa­ra­hat­çy­lyk­ly we bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny go­ran köp­san­ly halk­la­ryň umu­my ýe­ten de­re­je­si­dir we buý­san­jy­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Be­ýik Ýeň­şiň hor­ma­ty­na gu­ral­ýan bu ge­zek­ki da­ba­ra­la­ra gat­naş­ma­gy­nyň hä­zir­ki nes­liň ha­ky­da­la­ryn­da ba­ky sak­la­nan eder­men-azat edi­ji­le­riň umu­my eder­men­li­gi­ne çuň­ňur hor­ma­tyň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul edil­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li.